Türkmen wekiliýeti Eýranyň Gülistan welaýatyna zyýarat saparyny amala aşyrdy

img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 15-16-njy maýynda Ýurdumyzyň wekilçilikli topary Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna zyýarat saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan halkymyzyň görnükli wekilleriniň biri bolan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän aramgähine zyýarat edip birnäçe medeni köpçülikleýin çärelere gatnaşdylar.

Eýranyň Gülistan welaýatynyň häkimliginiň we ýerli medeniýet hem-de sungat wekilleriniň guramagynda ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çärelerde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşi, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýeten derejesi öz beýanyny tapdy.

Bu çäreler akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara taryhy ähmiýet hem-de ýatda galyjy pursatlar bilen “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna özboluşly öwüşgün çaýdy.