TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
1. “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky edaralary hakyndaky” kanuny barada.
2. Türkmenistana girmegiň we çykmagyň tertibi.
3. Konsullyk işi.
4. Daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň konsullyk edaralary we olaryň wezipeleri.
I. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralar hakynda
“Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, işiň hukuk esaslary, Türkmenistanyň konsullyk edaralarynyň açylyşynyň we işleýşiniň düzgüni, olaryň wezipeli adamlarynyň we işgärleriniň bellenmegi, mundan başga-da, Türkmenistanyň hukuklarynyň we bähbitleriniň, onuň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň we ýuridiki şahsyýetiniň goralmagy boýunça konsulyň işleri kesgitlenildi.Konsullyk edaralar Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklarynyň ösmegine, ykdysady, söwda, ylmy-tehniki, medeni gatnaşyklarynyň we syýahatçylygynyň giňelmegine ýardam berýärler.Türkmenistan konsullyk gatnaşyklary ýola goýan döwletlerinde özüniň konsullyk edaralaryny açýar.Konsullyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna degişli aýratyn ylalaşygyň ýok ýagdaýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýulmagy konsullyk gatnaşyklaryň ýola goýulmagy diýlip hem hasaplanylýar.Konsullyk edaralar Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda açylýar we öz işini bes edýär. Konsullyk edaralarynyň açylyşy hakyndaky deslapky ylalaşyk ikitaraplaýyn döwletara şertnamalar, ylalaşyklar we protokollar esasynda alnyp barylýar.Konsullyk edaralary öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, häzirki Kanundan, Türkmenistanyň kanunçylygynyň beýleki namalaryndan, Türkmenistanyň gatnaşýan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan we halkara şertnamalaryndan ugur alýar. Konsullyk edaralary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamyna girýär we oňa öz işi barada hasabat berýär.Konsullyk edaralary öz ýerleşýän ýurdunda Türkmenistanyň şol döwletdäki diplomatik wekilhanasynyň baştutanynyň umumy ýolbaşçylygynda hereket edýärler.
Daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň konsullyk edaralary şu aşakdaky bölümlere bölünýär:
Baş konsullyk;
Konsullyk;
Wise-konsullyk;
Konsullyk agentligi
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň konsullyk bölümleri baş konsul ýa-da konsul diýip atlandyrylýan konsullyk edaralarynyň müdirleri tarapyndan dolandyrylýar. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary bolmadyk döwletlerde bolunýan döwletiň razyçylygy esasynda konsullyk edaralarynyň üstüne diplomatik wezipeler hem ýüklenilip bilner. Türkmenistanyň konsullyk edaralary öz ýerleşýän döwletiniň razyçylygy esasynda, şol döwletde üçünji döwletiň adyndan konsullyk wezipelerini ýerine ýetirip biler. Daşary ýurtlaryň konsullyk edaralary hem üçünji döwletde Türkmenistanyň adyndan konsullyk wezipelerini ýerine ýetirip biler. Türkmenistanyň konsullyk edaralary öz ýerleşýän döwletiniň razyçylygy esasynda we üçünji döwlet tarapyndan garşylygyň bolmadyk ýagdaýynda şol üçünji döwletde konsullyk wezipelerini ýerine ýetirip biler. Konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmegiň tertibi şulardan ybaratdyr: Türkmenistanyň raýatlary we ýuridiki taraplary bilen bagly konsulyň wezipeleri. Konsul Türkmenistanyň raýatlarynyň we ýuridiki taraplarynyň öz ýerleşýän döwletiniň kanunçylygynda we Türkmenistanyň hem-de konsullyk edarasynyň ýerleşýän ýurdunyň gatnaşýan halkara şertnamalarynda, şeýle hem halkara adatlarda göz öňünde tutulan ähli hukuklardan doly peýdalanyp bilmekleri üçin, ähli çäreleri görmäge borçludyr. Mundan başga-da, konsul notarial hereketleri, konsullyk kanunlaşdyrmany we konsullyk ýygymlaryny amala aşyrýar. Konsulyň wezipesine Türkmenistanyň harby-kömekçi gämileriniň harby korabllary, Türkmenistanyň gämileri, Türkmenistanyň raýat howa gämileri, sanitariýa, fitosanitariýa we weterinariýa goragy bilen bagly hereketler girýändir.
II.Türkmenistana gelmegiň we çykmagyň tertibi.
Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyklar, eger Türkmenistan tarapyndan başga halkara şertnamalarynda tassyklanmadyk halatynda, Türkmenistana gelmek üçin wizanyň esasynda, Türkmenistanyň territoriýasyna gelip we bolup bilerler. Daşary ýurtlulara, raýatlygy bolmadyklara Türkmenistana gelmek üçin wizanyň berilmegi we olaryň hereket etmeginiň uzaldylmagy Türkmenistanyň territoriýasynda –Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň çäginden daşarda – daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Wizalaryň görnüşleri we kategoriýalary, şeýle hem, olary resmileşdirmegiň, bermegiň we olaryň hereket etmek wagtynyň uzaldylmagynyň tertibi “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň beýleki hukuk kadalaşdyryjy namalary tarapyndan düzgünleşdirilýär.
Daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyklara Türkmenistana gelmek we çykmak üçin wizany bermek we onuň hereket ediş wagtyny uzaltmak üçin esaslar:
1. Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we olara deň bolan beýleki wekilhanalaryň işgärleri, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtly žurnalistler, şeýle hem olaryň maşgala agzalary üçin – Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilýän akkreditasion kartoçka we şol wekilhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýazmaça görnüşindäki haýyşnamalary;
2. Türkmenistandaky guramalaryň we hemişelik daşary ýurt wekilhanalaryň çagyryş ugry boýunça Türkmenistana gelýän raýatlygy bolmadyk, daşary ýurtlylar üçin şol guramalaryň we wekilhanalaryň ýazmaça görnüşindäki haýyşnamasy.
3. Gulluk ýa-da iş maksady bilen Türkmenistana gelýän raýat bolmadyk, daşary ýurtlylar üçin kabul edýän guramalaryň gulluk ýa-da iş maksadyny tassyklaýan goşmaça hökmany resminamalar bilen ýazmaça görnüşindäki haýyşnamasy.
4. Türkmenistanda zähmet hereketlerini amala aşyrmak maksatlary bilen gelýän raýatlygy bolmadyk, daşary ýurtlylar üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Türkmenistanda zähmet hereketlerini amala aşyrmaga rugsady.
5. Türkmenistana şahsy işleri boýunça gelýän raýatlygy bolmadyk, daşary ýurt raýatlary üçin-bellenilen nusgada fiziki şahslaryň çakylygy ýa-da raýatlygy ýok daşary ýurt raýatynyň ýazmaça görnüşindäki haýyşnamasy.
6. Türkmenistanyň territoriýasyndan üstaşyr geçýän raýatlygy bolmadyk daşary ýurt raýatlary üçin barýan ýurdunyň wizasy bilen ýolagçy resminamalary goşulan öz arzasy.
7. Syýahatçylyk maksatlary bilen Türkmenistana gelýän raýatlygy bolmadyk daşary ýurtlylar üçin kabul edýän syýahatçylyk guramalaryň ýazmaça görnüşindäki haýyşnamasy ýa-da öz arzasy.
8. Bilim almak maksady bilen Türkmenistana gelýän raýatlygy bolmadyk daşary ýurtlylar üçin okuw jaýlarynyň ýazmaça görnüşindäki haýyşnamasy.
9. Medisina barlaglaryny geçmek we bejergi almak maksady bilen Türkmenistana gelýän raýatlygy bolmadyk daşary ýurtlylar üçin şol şahsyýetleriň Türkmenistana gelmeginiň zerurlugyny tassyklaýan Saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen resminamalar we öz arzasy.
10. Halkara gatnawlarda ýolagçylaryň we ýükleriň gatnawyny amala aşyrýan daşary ýurt ulag ekipažlarynyň düzümine girýän fiziki şahslar üçin kabul edýän guramalaryň ýazmaça görnüşindäki haýyşnamasy ýa-da öz arzasy
11. Türkmenistana gelýän raýatlygy bolmadyk daşary ýurtlylar wizasy resmileşdirilmän we onuň territoriýasynda bolýan mahaly, hem-de wiza güýjüni ýitiren ýa-da wagty tamamlanan ýagdaýynda çykylýan wiza bermek hakynda şol şahsyýetleriň öz arzasy.
Ýüzlenmä goşulan ýüzlenmäniň görnüşi we resminamlaryň sanawy Türkmenistanyň Döwletm migrasiýa gullugy tarapyndan tasyklanylýar.
Raýatlygy bolmadyk daşary ýurtlular Türkmenistanyň çägini şu ýagdaýlarda terk etmäge borçludyrlar:
Wizanyň herket etmeginiň wagtynyň gutaran ýagdaýynda;
Wizanyň uzaltmak baradaky haýyştnamanyň kanagatlandyrylmadyk ýagdaýynda;
Ýurduň çäginde bolmagynyň wagty gysgaldylan ýa-da wiza güýjüni ýitiren ýagdaýynda;
Şeýle hem başga sebäpler boýunça, Türkmenistana gelmek möhleti gutaranda.
Raýatlygy bolmadyk daşary ýurt ýuridiki we şahsy taraplaryny çagyrýan guramalar hökmany öz wagtynda olara hukugyny we borçlaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda görkezilen esasda düşündirmeli we Türkmenistana gelenlerinde olaryň öz wagtynda resminamalaryny bellige almak we resmileşdirmek,iş hereketleriniň amala aşyrylyşyna,ýurduň çäginde hereket etmekleri, ýurtda bolmak möhletleri we Türkemnistandan gitmekleri bilen baglanyşyklykda hasapdan çykarmalydyrlar.
III. Konsullyk işleri
1. Türkmenistan daşary döwletler bilen konsullyk gatnaşyklaryny, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň we ýuridiki taraplarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi diwanynyň düzüm bölegi Konsullyk bölümi tarapyndan utgaşdyrylýar.
2. Türkmenistanyň “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary baradaky” Kanunyna laýyklykda häzirki wagtda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Herat şäherinde we Mazari-Şerif şäherinde, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Baş konsullyk gullugy bar. Konsullyk edaralaryna Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän diplomatik wekilhanalary hem degişlidir. Olar Türkmenistanyň ýuridiki taraplarynyň we raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goraýar.
3. Konsullyk wezipesindäki adamlar öz ygtyýarnamalarynyň çäginde konsullyk okrugy ýa-da bu häkimiýetden gelip çykýan notarial hereketleri, raýat ýagdaýy baradaky aktlaryň bellige alynmagy, resminamalary we dürli aktlary kanunlaşdyrýar. Daşary ýurtlarda ýerleşen Türkmenistanyň raýatlarynyňkanuny bähbitlerini goramaklyk bilen,olara daşary ýurda gelmegiň kanuny we düzgünleri barada maglumat berýär,olara gerekli bolan hödürnamalary berýär, adatdan daşary ýagdaý dörän halatynda howpsuzlygyň berjaý edilişini üpjün etmek boýunça gerek bolan çäreleri ýerine ýetirýär.
4. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň hukuk derejeleri birinji olaryň bolýan döwletleriniň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenýär. Onda konsul konwensiýalarynyň ýagdaýy, raýat, maşgala we jenaýat işlere hukuk kömegi baradaky şertnama uly ähmiýete eýedir.
IV. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary we olaryň wezipeleri
Resminamalary talap edip almagyň tertibi hakyndaky maglumat
Türkmenistanyň raýatlary zerur bolan resminamalary talap edip almak üçin Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutmaga haklydyr. Eger-de raýata gerek bolan resminama Türkmenistanyň çäginde ýerleşen halatynda, ony talap edip almagynyň şu aşakdaky tertibi ulanylýar.Gyzyklanýan tarap özüniň bolýan döwletindäki diplomatik wekilhana ýa-da konsullyk edarasyna ýüz tutýar we talap edilýän resminamanyň her biri üçin bellenilen görnüşdäki sowalnamanyň iki nusgasyny doldurýar, şeýle hem degişli konsullyk ýygymyny töleýär.Resmileşdirilen talap diplomatik wekilhana ýa-da konsullyk edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk bölüminiň (KB) üsti bilen Türkmenistanyň çägindäki degişli arhiw edaralaryna iberilýär. Gözleg işleri tamamlanandan soň, arhiw edaralary Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminiň üsti bilen talap edilen resminamalary diplomatik wekilhana ýa-da konsullyk edarasyna gaýtaryp berýär. Resminamany tapyp bolmadyk ýagdaýlarynda arhiw edarasy bu barada Türkmenistanyň DIM-niň KB-niň üsti bilen ýüz tutuja habar berýär.Pasportlaryň, zähmet depderçeleriniň, harby biletleriň asyl nusgalary talap edilip alynmaga, daşary ýurtlara iberilmäge degişli däldir. Zerur bolan halatynda daşary ýurda zähmet ýoly hakyndaky hem-de harby gullugy geçendigi baradakykepilnamalar iberilip bilner.Talap edilip alynýan resminamalaryň derejesine baglylykda olary ýerine ýetirmek işi Türkmenistanda şu aşakdaky edaralar tarapyndan amala aşyrylýar:
Türkmenistanyň RÝNÝ-nyň Merkezi arhiwi;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi;
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi;
Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti.
Türkmenistanda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary beýleki döwletlerden resminamalary talap edip almak meseleleri boýunça Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölümine ýüz tutup bilerler.Ýüz tutmany resmileşdirmegiň tertibi hem-de ýüz tutmany ýerine ýetirmegiň möhletleri ilkibaşdaky maglumatlaryň dolulygyna we şol resminamanyň gelip çykan döwletiniň kanunçylygynyň talaplaryna baglydyr. Daşary ýurtlardan resminamalary talap edip almak üçin uzak wagtyň gerek bolýandygy göz öňünde tutulmalydyr. Resminamalary kanunlaşdyrmagyň tertibi barada maglumat. Kanunlaşdyrmak – munuň özi döwletiň häkimiýetlerinden çykýan ýa-da şol häkimiýetleriň gatnaşmagynda düzülen resminamanyň şol döwletiň kanunçylygyna laýyk gelýändigini tassyklamakdyr. Ol resminama gol çeken wezipeli adamyň golunyň hem-de ygtyýarly döwlet edarasynyň möhüriniň hakykylygyny tassyklamakdan ybaratdyr.Halkara tejribesine laýyklykda pasportlary we olaryň ornuny tutýan resminamalary kanunlaşdyrmak talap edilmeýär.Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän ýa-da özüniň mazmuny boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine zyýan ýetirip biljek ýa-da raýatyň mertebesine şek ýetirýän resminamalar we namalar, şeýle hem pasportlaryň, zähmet depderçeleriniň, harby biletleriň, şahsyýetnamalaryň, eýeçilik baradaky namalaryň, täjirçilik ýa-da gümrük amallaryna (hasaplar, harytlaryň serhetden geçirilişi baradaky resminamalar, harytlary ibermek hakyndaky ylalaşyklar, gümrük deklarasiýalary we şuňa meňzeşler) gönüden-göni degişli resminamalaryň asyl nusgalary hem-de göçürmelri kanunlaşdyrmaga degişli däldir.Daşary ýurtlarda ulanmak üçin resminamalary kanunlaşdyrmak.
Daşary ýurtlarda ulanmak üçin resminamalary kanunlaşdyrmak şu aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:
Türkmenistanyň çägindäki kepillendiriş edarasy (notarius) resminamanyň göçürmesini tassyklaýar;
Türkmenistanyň Adalat (ýustisiýa) ministrligi kepillendirijiniň golunyň we möhüriniň hakykylygyna şaýatlyk edýär;
Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölümi Türkmenistanyň Adalat (ýustisiýa) ministrliginiň möhüriniň we wezipeli adamyň golunyň hakykylygyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde kanunlaşdyrylandan soň resminamalar olaryň ulanyljak döwletiniň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda kanunlaşdyrylýar (legallaşdyrylýar). Şunluk-da daşary ýurt konsuly özünde bar bolan nusgalygyň esasynda Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminiň ygtyýarly işgäriniň golunyň we möhüriniň hakykylygyny tassyklaýar. Kada bolşy ýaly, resminamalar kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgalarda kanunlaşdyrylýar. Daşary ýurtlarda ulanmak üçin niýetlenen bilim hakyndaky resminamalar muňa girmeýär, şol resminamalar Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde asyl nusgasynda kanunlaşdyrylýar.Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde resminamalary kanunlaşdyrmak üçin konsullyk ýygymy we iş ýüzünde edilen çykdajylaryň öwezini dolmagyň hasabyna ýygym alynýar.Türkmenistanyň çäginde ulanmak üçin daşary ýurt resminamalaryny kanunlaşdyrmak.Türkmenistanyň çäginde ulanmak üçin niýetlenen daşary ýurt resminamalary olaryň gelip çykan döwletiniň Daşary işler ministrliginde ýa-da muňa ygtyýarly edilen beýleki resmi döwlet edarasynda kanunlaşdyrylandan soň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk edaralarynda kanunlaşdyrylýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda kanunlaşdyrylman Türkmenistana getirilen daşary ýurtlaryň resminamalary deslapdan, resminamanyň düzülen daşary ýurt döwletiniň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt döwletiniň diplomatik wekilhanasynda, soňra bolsa Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde kanunlaşdyrylýar.Türkmenistanda baglaşylan raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi hem-de hukuk gatnaşyklary hakyndaky ikitaraplaýyn ylalaşyklar, şeýle hem 1993-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minsk şäherinde GDA agza döwletler tarapyndan gol çekilen raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakyndaky Konwensiýa degişli tertibi kesgitleýär. Oňa laýyklykda, ylalaşýan taraplaryň biriniň resmi häkimiýetleri tarapyndan berlen resminamalara resmi hökmünde garalýar we beýleki bir ylalaşýan tarapyň çäginde haýsydyr bir goşmaça kepillendirme talap edilmezden, ýagny kanunlaşdyrylmazdan, resmi resminamalaryň subut ediji güýjünden peýdalanýar.
Daşary ýurtda Türkmenistanyň raýatlarynyň konsullyk hasaba we bellige alynmagy.
Umumy düzgünler
“Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 29-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary olaryň konsullyk okrugynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlaryny bellige alýar we hasabyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň çäginden daşda ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda bellige alynmaga (konsullyk hasabyna durmaga) haklydyr. Türkmenistanyň raýatlaryny bellige almak muzdsuz amala aşyrylýar. Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölümi bu mümkinçilikden peýdalanmagy tutanýerli maslahat berýär. Hökmany suratda bolman, bu düzgün Türkmenistana gitmän köp meseleleri çözmäge (boljak saýlawlar we sala salşyklar barada maglumatlary bermek, pasportlary resmileşdirmek, raýatlyk ýagdaýynyň ýazgysyny bellige almak we ş.m.) mümkinçilik berýär, şeýle hem özüniň bolýan döwletinde harby hereketleriň, köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň ýa-da tebigy betbagtçylyklaryň ýüze çykan halatynda Watanyna gaýdyp gelmegini ýeňilleşdirer. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda konsullyk hasabyna durmak onlaýn görnüşinde amala aşyrylýar. Ýagny, bolunýan daşary ýurt döwletinde ýerleşýän ýa-da şol ýurda akkreditirlenen Türkmenistanyň Diplomatik wekilhanasynyň ýa-da konsullyk edarasynyň resmi ineternet sahypasynda (website) ýerleşdirilen konsullyk hasabyna alyş sahypasyny doldurmak arkaly ýerine ýetirilýär.