Eýranyň Gülüstan welaýtynda Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi geçirildi

2023-nji ýylyň 17-nji maýynda, günüň ikinji ýarymynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Kelala etrabynyň Sufiýan obasynda her ýyl dabaraly geçirilýän Ahalteke atlarynyň XVIII – nji gözellik bäsleşigi geçirilip, onuň işine Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçisi we Maşat şäherindäki Baş konsuly, Türkmenistanyň atly sport federasiýasynyň başlygynyň orunbasary, atly sport boýunça at gazanan tälimçi Ýusup Annagylyjow hem-de “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň wekili Parahat Hydyrow dagylar gatnaşdylar. Ýurdumyzdan Eýrana aýratyn çakylyk esasynda gelen iki myhman bäsleşigiň baş eminleri hökmünde çykyş edip, behişdi bedewleriň gözelliklerine öz mynasyp bahalaryny berdiler.