Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň gün tertibine özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlary, şeýle hem oba hojalyk işleriniň depgini bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda gowaçanyň ýaz ekişine, ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy, şolaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmek, Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, mart aýynda girişiljek gowaça ekişiniň guramaçylyk derejesine we möwsümiň agrotehniki kada laýyk, bellenen möhletde geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşmelidigini belledi.

Milli Liderimiz sebitde alnyp barylýan gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, täze welaýat merkeziniň gurluşygynyň taslamasyna ünsi çekdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, binagärlik çözgüdi babatda ak mermerli paýtagtymyz ýaly, özüne çekiji bolmalydygyny belläp, onda adamlaryň amatly durmuşy üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak ählihalk ýowary barada aýdyp, bu çärä gowy taýýarlyk görmegi we ekilen baglara degişli derejede ideg etmegi tabşyrdy.
Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi zerur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime bu baýramçylygy ýokary derejede geçirmek, zenanlara sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz sebitiň oba hojalygynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk görmek boýunça häkime birnäçe görkezmeler berdi, şeýle hem bag ekmek çärelerine guramaçylykly çemeleşmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, deňziň kenaryndaky şypahanada adamlaryň doly derejeli dynç almagy we wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýaz ekişine görülýän toplumlaýyn taýýarlyk işleri we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz möwsümleýin meýdan işleriniň guramaçylyk derejesi barada anyk tabşyryklary berip, gowaça ekmek üçin niýetlenen ýerleriň ýokary hilli taýýarlanmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Welaýatda Halkara zenanlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, pagtaçylaryň durmuşynda möhüm möwsüm hasaplanylýan gowaça ekişiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün edýän ähli çäreler degişli derejede amala aşyrylýar.

Şeýle hem häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklaryň medeni maksatnamasy, ählihalk ýowaryna taýýarlyk we bag nahallarynyň ekiljek ýerlerini kesgitlemek hem-de nahallary saýlap almak boýunça meýilnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda oba hojalyk ekinleriniň ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň agrotehniki kadalara we döwrüň talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belledi. Mart aýynyň ikinji ýarymynda başlanjak ekiş möwsümi guramaçylykly geçirilmelidir. Şol bir wagtyň özünde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryna taýýarlyk işleri hemmetaraplaýyn esasda alnyp barylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly baýramçylyk mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, şol dabaralarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhunyň, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýarlyk derejesiniň we ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewi çagyrdy.

Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynyň çäklerinde döwrebap şäherçeleriň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary hödürledi.

3500 maşgala niýetlenen döwrebap şäherçeler mellek ýerleri bolan ýaşaýyş jaýlarynda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ähli zerur şertler üpjün ediler. Şeýle hem şäherçäleriň çäklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, medeni ojaklar we söwda merkezleri, dolandyryş, jemgyýetçilik hem-de durmuş maksatly binalar gurlar. Mundan başga-da, bu ilatly ýerlerde hormatly Prezidentimiziň başlangyjyna laýyklykda, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna toplumlaýyn çemeleşmek esasynda bir, iki hem-de dört gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulandyr.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp we olary, umuman, makullap, wise-premýere we häkime täze şäherçeleriň ýerleşdiriljek ýerlerini degişli hünärmenler bilen bilelikde ýerinde içgin öwrenmegi, şol ýerleriň ýerasty suwlarynyň derejesini barlamagy we alnan maglumatlary ylmy taýdan esaslandyrmagy tabşyrdy. Täze döredilýän şäherçelerde ekologiýa derejesiniň üpjün edilmegi, bagy-bossanlygyň döredilmegi, mellek ýerlerinde gök we bakja önümlerini ýetişdirmek üçin zerur şertleriň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda ulular üçin-de, çagalar üçin-de ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulmagynyň, jaýlaryň bezeg işlerinde milli ýörelgeleriň, degişli abadanlaşdyryş işleriniň berk berjaý edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize doly laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra wise-premýer ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Işlenip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, paýtagtymyzyň töwereklerinde, Garagum derýasynyň ýakasynda ekiljek bag nahallary şol künjekleriň toprak-howa şertlerine laýyklykda kesgitlenildi we ýowaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda ähli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde ählihalk ýowaryny geçirmek işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, bag ekiljek ýerleriň taýýarlygyna, nahallaryň ýagdaýyna aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum derýasynyň we beýleki suw howdanlarynyň kenarlarynda tut agaçlarynyň ekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda ýazky ekişe görülýän taýýarlyk işleri, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda gant şugundyryny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ýeralma, sogan ýaly ekinleriň ekişi dowam edýär.

Şeýle hem häkim 21-nji martda geçiriljek ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri, şanly seneleri giňden dabaralandyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi. Meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde welaýatyň çäklerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan möwsümiň başlanmagyna az wagtyň galandygyny belläp, welaýatda ýaz-meýdan işleriniň guramaçylykly geçirilmegi üçin zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ekişiň agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli we bellenilen möhletde geçirilmegi geljekki bol hasylyň özenidir.

Milli Liderimiz ählihalk ýowaryny ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, täze bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolanlaryna ideg işleriniň degişli derejede ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar gününiň ýetip gelýändigini aýdyp, bu baýrama bagyşlap, welaýatda dabaraly çäreleriň geçirilmelidigini, zenanlaryň hormatyna guralýan köpçülikleýin medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler, ak ekinlere edilýän ideg işleri, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýaz ekişine ýerleri, tehnikalary hem-de degişli enjamlary taýýarlamak, ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde bag ekmek möwsüminiň başlaýandygyny alamatlandyrýan ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýöriteleşdirilen ýerlerde pürli, saýaly we miweli bag nahallary taýýarlanylýar. Ähli ýerlerde baglaryň ekiljek ýerleri kesgitlenilýär.

Şeýle hem suw hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen durnukly üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň anyk netijelere eýe bolmalydygyny belledi. Daýhan hojalyklary, kärendeçiler diňe bir pagta, däne, gök we beýleki önümleriň önümçiligi boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, önümçilik çykdajylaryny azaltmaga aýratyn üns bermelidirler. Munuň özi oba zähmetkeşleriniň bähbidiniň üpjün edilmegini, girdejileriniň artmagyny şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, munuň üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň tebigaty goramak syýasatynyň birnäçe ugurlaryna ünsi çekdi. Beýleki döwletler we halkara guramalar bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aral meselesiniň wajyplygy Merkezi Aziýa sebitinden daşyna çykýar, şunlukda, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen işjeň gatnaşykdaky ulgamlaýyn döwletara hyzmatdaşlyk üçin pugta binýadyň döredilmegi zerur bolup durýar.

Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda Aral meselesini çözmäge bolan toplumlaýyn çemeleşmeleriň üpjün edilmegine gönükdirilen Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak hakynda başlangyjy öňe sürdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň AHHG-a başlyklyk etmeginde esaslandyryjy döwletleriň milli bilermenlerini we halkara hyzmatdaşlary çekmek arkaly, Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň dördünji Maksatnamasynyň konsepsiýasy taýýarlanyldy. Häzir bu gaznanyň çäklerinde Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak, sebitiň ýurtlarynyň Merkezi Aziýada Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak hakyndaky Çarçuwaly konwensiýasyna goşulyşmagyny çaltlandyrmak boýunça hereketleriň Sebitleýin meýilnamasynyň kämilleşdirilmegine üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz tebigy serişdelerden netijeli peýdalanylmagyny, daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, ekologiýa taýdan ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe görülýän taýýarlyk işleri, bu baýramçylyk mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän dabaralar we çäreler barada habar berdi.

Milli Liderimiz öňde boljak baýramçylyk dabaralarynyň örän uly ähmiýete eýedigini belläp, Türkmenistanyň gender syýasatyny durmuşa geçirmekde ýeten derejesini giňden wagyz etmegiň, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bilen tanyşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň we beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň, oňa ýaşlaryň işjeň çekilmeginiň wajypdygyny belledi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherine türkmen wekiliýetiniň gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Li Nak Ýon kabul etdi.

Koreýanyň Eksport-import banky hem-de Koreýanyň söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasy bilen Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň durmuşa geçirýän taslamalaryny maliýeleşdirmek babatda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giňeltmek hakyndaky başlangyç giň goldawa eýe boldy. Mundan başga-da, «Samsung» we «LG» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen olaryň nebitgaz toplumyndaky maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagy babatda gepleşikler geçirildi.

Söwda, ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisiniň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň meseleleri hem-de söwda-ykdysady, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk hem-de standartlaşdyrma ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz we himiýa pudaklary netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bu ugurda birnäçe iri maýa goýum taslamalary amala aşyryldy. Taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalary tassyklap, ägirt uly mümkinçiligi bolan işewür gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek boýunça anyk çäreleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda işewür gatnaşyklaryň hem-de özara pikir alyşmalaryň giňeldilmegini şertlendirýän sergi-ýarmarkalary we işewür maslahatlary guramagyň hasabyna ýola goýulýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Taraplar türkmen hünärmenleriniň «Mediсal Korea 2019» maslahatyna gatnaşmagyny guramak barada ylalaşdylar. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak, öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek babatda ähmiýetlidir. Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen işewürlik maslahatynda hususy telekeçiligi, balykçylygy ösdürmek, Türkmenistanda öndürilýän senagat harytlarynyň eksporty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemäge we azyk harytlarynyň önümçiligi üçin enjamlary getirmek hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen koreý kompaniýalarynyň arasynda suw hem-de oba hojalygy we başga ugurlar boýunça-da hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ählumumy bähbitlere kybap gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Sebitiň we dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasy Türkmenistan üçin wajyp hem-de ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Şeýlelikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklar deňhukuklylyk we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýar.

Milli ykdysadyýetimiziň doly döwrebaplaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrýan ýurdumyz täzeçil we öňdebaryjy tehnologiýalary, daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini ornaşdyrmagy esasy ugur edinýär. Şunda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy üçin oňyn mümkinçilikler açylýar. Muny bolsa Türkmenistan we Koreýa Respublikasy doly derejede amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygy we maýa goýum işini artdyrmak boýunça degişli görkezmeleri berdi. Nebitgaz hem-de senagat pudaklary, maliýe-bank düzümleri, kiçi we orta telekeçilik ulgamyndaky gatnaşyklary berkitmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Ulag-üstaşyr ulgamynda hem netijeli gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk, dokma senagaty, oba hojalygy ýaly birnäçe ugurlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary hökmünde görkezdi. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ylym-bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, täzeçil usullary ornaşdyrmak babatda koreý hyzmatdaşlarynyň oňyn tejribelerini öwrenmek, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistan bu gazna 2017 — 2019-njy ýyllarda başlyklyk edýär.

Ýurdumyz gaznanyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, uzak geljegi nazara almak bilen, Aral deňziniň sebitindäki ýurtlaryň netijeli gatnaşyklarynyň berkidilmegine, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyna gönükdirilen konsepsiýanyň esasynda AHHG başlyklygy amala aşyrmak bilen, bu jogapkärli wezipäniň ýerine ýetirilmegine çynlakaý çemeleşýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçirýän yzygiderli çäreleri dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bellenilişi ýaly, 2008-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň AHHG-na BMG-niň Baş Assambleýasynda synçy derejesini bermek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmeginiň Aral meselesiniň bütindünýä ähmiýete eýedigini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň awgustynda ýurdumyzda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň geçirilmegi, hakykatdan-da, möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyk gazna gatnaşyjy ýurtlaryň gadymy dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ýola goýulýan we ählumumy bähbide laýyk gelýän işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygyna güwä geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Aral meselesini ýeňip geçmek boýunça öňde durýan wezipeleriň özara ylalaşykly çözgüdini taýýarlamak maksady bilen, AHHG-a agza ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmakda işjeň orun eýeleýändigini belledi. Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän ýurdumyz Aralyň ýakasynda durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, suwdan netijeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleler boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Munuň özi diňe bir sebit däl, eýsem, tutuş dünýäde ähmiýetlidir.

Türkmenistan ykdysady, durmuş, ynsanperwer hem-de ekologiýa ugurlarynda giň gerimli milli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek bilen, bar bolan baý tejribesini, döredijilik mümkinçiliklerini ählumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirýär. Şunlukda, öňde durýan wezipeleriň amala aşyrylmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen berk baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, Aralyň halas edilmegine diňe içerki, sebitleýin mesele hökmünde garamak bolmaz. Ony üstünlikli durmuşa geçirmek üçin toplumlaýyn halkara çemeleşmeler, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamlaýyn gatnaşygy zerur bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2012-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde durnukly ösüş boýunça «Rio+20» halkara maslahatynda türkmen tarapy BMG-niň Aral deňzi sebitindäki ýagdaýy durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilanamalary öz içine alýan Aral üçin Ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak hakyndaky teklibi öňe sürdi. Geljekde bu maksatnama içerki suw howdanlarynyň meseleleri boýunça BMG-niň köptaraply resminamalaryny taýýarlamak üçin ygtybarly binýada öwrüler.

Häzirki döwrüň ýagdaýyny nazara alanyňda, suw meseleleri boýunça köptaraply diplomatik gatnaşyklaryň täze görnüşi hökmünde «suw diplomatiýasyny» öňe ilerletmek hakynda ýurdumyzyň başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä forumda beýan edildi. Türkmenistan suw serişdelerini saklamak, olary aýawly we netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine gönükdirilen ulgamlaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleriniň halkara hyzmatdaşlygyň degişli guralyny işläp taýýarlamakda ähmiýetlidigini öňe sürýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça taýýarlanan we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» baradaky Kararnamasy AHHG-ny esaslandyryjy ýurtlar bilen BMG-niň has ýygjam gatnaşyklary üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir diýip belledi.

Tutuş Merkezi Aziýada suw hem-de ekologiýa meseleleri babatda ýurdumyz olaryň sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen, halkara guramalaryň gatnaşmagynda umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda garalmagyna we çözülmegine ygrarlydyr hem-de bu ugurda sebitleýin ylalaşyk netijeli döwletara gatnaşyklar üçin ýeke-täk kabul ederlikli usul bolup durýar.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ugurda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň milli derejedäki işleriň degişli ugurlaryna pugta esaslanmalydygyny belledi. Munuň özi biri-birinden aýryp bolmaýan ugurlaryň özara üstüniň ýetirilmegi bolup durýar.

Türkmenistan öz tarapyndan dürli pudaklarda maksatnamalary we meýilnamalary amala aşyryp, Durnukly ösüş maksatlarynyň ekologiýa ugruna, şol sanda döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolan suwdan netijeli peýdalanmagyň talaplaryna laýyk gelmegini gazanýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda oňyn tejribe toplanyldy. Ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama amala aşyrylýar.

Garagumuň merkezinde örän çylşyrymly gidrotehniki ulgam bolup durýan «Altyn asyr» Türkmen kölüni döretmek boýunça giň möçberli taslamanyň ägirt uly ähmiýeti bar. Ol zeý suwlaryny we ulanylan suwlary bir akaba ýygnamak üçin niýetlenendir. Onuň durmuşa geçirilmegi bilen ekologiýa, ykdysady we durmuş meseleleri üstünlikli çözüler.

Aral meselesini durmuşa geçirmek babatda çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň möhüm ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şu maksat bilen ýurdumyzda giň gerimli gök zolaklaryň döredilmegini öz içine alýan toplumlaýyn çäreler işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz geçen ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine ünsi çekip, ýokary derejede guralan duşuşygyň anyk häsiýete eýe bolandygyny we onuň taraplaryň uzak möhletleýin gatnaşyklara, hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan taýýarlygyny äşgär edendigini belledi.

Aýdylanlary jemläp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Araly halas etmek we Aral meselesiniň zyýanlaryny aradan aýyrmak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyna üýtgewsiz ygrarlydygyny we bu ugurda sebitara hem-de halkara gatnaşyklara taýýarlygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň ýokarda agzalan meseleler boýunça öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny giňden wagyz etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.