TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE “DEUTSСHE BANK AG” BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de “Deutsсhe Bank AG” öňdebaryjy nemes bank konserniniň Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça sebit müdirliginiň direktorlarynyň dolandyryjysy Baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongartsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti  bilen duşuşyk geçirildi.       

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen “Deutsсhe Bank AG-niň” arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünliklerini belläp, gatnaşyklaryň wajyp ugurlary barada pikir alyşdylar. Bilelikdäki taslamalary geljekde ösdürmek barada gürrüň gidende, nemes kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk temasyna we Ykdysadyýet boýunça türkmen-german Hökümetara iş toparynyň ornuna seredilip geçildi. 

Halkara kadalary we iň uly halkara tejribeleri göz öňünde tutmak bilen, taraplar Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamyndaky oňyn üýtgeşmeler we bu ugurda sanly ulgama geçmegiň wajyplygy barada aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, maliýe jenaýatlara garşy göreş boýunça halkara mehanizmler pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada hem pikir alşyldy.