OWGANYSTAN BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÝAPON MASLAHATLAŞMALARY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Ýaponiýanyň Owganystan we Pakistan boýunça Ýörite wekili, Ilçi Katsuhiko Takahaşi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar owgan meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň garaýyşlaryny beýan etdiler. Owganystandaky ýagdaýyň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galmagyny dowam edýändigi, şeýle-de sebit we halkara derejelerde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň derejesi bilen gönüden-göni bagly bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Owganystanda parahatçylygy ýola goýmak işiniň diňe syýasy-diplomatik gurallaryň üsti bilen, Owganystany dünýä ykdysadyýetiniň esasy proseslerine çekmek we ynsanperwer ýardam bermek arkaly amala aşyrylyp boljakdygyna Türkmenistanyň ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady.

Ilçi Katsuhiko Takahaşi ýapon tarapynyň Türkmenistanyň bu babatdaky garaýyşlaryny goldaýandygyny we Türkmenistanyň ýardam bermeginde Owganystanda amala aşyrylýan energiýa we ulag taslamalaryna, şol sanda  medeni ugurly başlangyçlaryna ýokary baha berýändigini belledi. Ýörite wekil şeýle-de Ýaponiýanyň bu ýurduň ösüşi we medeni zerurlyklary üçin 2021-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli döwürde millionlarça dollarlyk möçberde kesgitlenen maliýe goldawy Owganystana ýetirýändigini tassyklady.     

Diplomatlar Owganystandaky ýagdaýlaryň geljegi bilen bagly pikir alyşdylar we bu ýurda ýardam bermek boýunça hyzmatdaşlygyň kabul ederlikli görnüşlerini tapmak üçin işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.