Türkmenistanda transkontinental ykdysady gatnaşyklaryň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşylýar

Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň (MASYH) milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan maslahata MASYH-nyň milli utgaşdyryjylary hem-de köptaraply hyzmatdaş guramalaryň: Aziýanyň ösüş bankynyň, MASYH-nyň institutynyň, Ýewropada täzeleniş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Paýtagtymyzda wekilçilikli forumyň geçirilmegi dünýäde Diýarymyzyň abraýynyň barha artýandygyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän açyklyk syýasatynyň halkara hyzmatdaşlygynda möhümdiginiň ykrar edilýändiginiň, uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurdumyza daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Gün tertibine söwda ulgamynda 2030-njy ýyla çenli MASYH-nyň umumy tertibi babatda geçirilen işleriň netijeleri, gazanylan üstünlikler we maksatnamanyň amallar ulgamy boýunça gatnaşyk etmekde mundan beýläkki çäreler girizildi. Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda guraljak 17-nji Ministrler maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň 2010-njy ýylda Aziýanyň ösüş bankynyň BMGÖM, Bütindünýä ösüş banky, Halkara pul gaznasy, Ýewropada täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda başyny başlan MASYH-nyň Maksatnamasyna goşulandygyny ýatlamak gerek.
MASYH-nyň Maksatnamanyň esasy wezipesi ulag, söwda we energetika ulgamlarynda Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegine gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Netijeli gatnaşyk etmek bilen ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu düzümiň işine işjeň gatnaşyp, onuň ileri tutulýan ugurlary — energetika, ulag, söwda we söwda syýasatyna ýardam bermek boýunça milli hem-de pudaklaýyn utgaşdyryjylary belledi.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna ilkinji gezek başlyklyk edýändigini hem-de munuň gatnaşyjy ýurtlaryň “MASYH — 2030” täze strategiýany kabul eden pursadyndan başlap, badalga alýan ýylda amala aşýandygynyň özboluşly mana eýedigini bellediler. Ýurdumyzyň bu abraýly gurama agza bolmagy türkmen ykdysadyýetiniň sebit we halkara hyzmatdaşlyk arkaly goňşy ýurtlar hem-de ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen goşulyşmagyna berilýän aýratyn ähmiýeti görkezýär.
Irki asyrlardan bäri Türkmenistany “ýedi ýoluň çatrygy” diýip atlandyrypdyrlar. Onuň çäkleriniň üsti bilen Gündogaryň hem-de Günbataryň halklarynyň söwda we medeni gatnaşyklarynyň ýollary bolup hyzmat eden köp sanly kerwen ýollary geçipdir. Häzirki döwürde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli amala aşyryp, ýurdumyz Merkezi Aziýada ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine örän uly üns berýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän ýylda türkmen döwletiniň MASYH-nyň maksatnamasyna başlyklyk etmeginiň iri sebit guramasynyň möhüm wezipeleri bilen utgaşýandygy nygtaldy.
Bu ýere ýygnananlar halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça gazanylan netijeler bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Şol netijelere görä, häzir ýurdumyzyň ykdysadyýeti Merkezi Aziýada tiz ösýän ykdysadyýetleriň biri bolup durýar. Bellenilişi ýaly, tebigy serişdeler boýunça Türkmenistan tebigy gazyň gorlarynyň möçberi babatda dünýäde dördünji hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde nebiti iri öndüriji hökmünde onunjy döwletdir. Owganystan, Gazagystan, Özbegistan we Eýran Yslam Respublikasy bilen araçäkleşýän Türkmenistanyň strategik taýdan ýerleşişi hem-de Hazaryň üsti bilen Azerbaýjana we Russiýa Federasiýasyna ýakynlygy Merkezi Aziýa, Kawkaz, Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda hem-de Ýakyn Gündogarda sebitara gatnaşyklary giňeltmek üçin ýurdumyza oňaýly ýagdaýy döredýär.
Ýurdumyz uly kuwwata eýe bolmak bilen, bu ýagdaýy has doly peýdalanmaga çalyşýar. Şunda şu günüň ýagdaýlaryna kybap gelýän ýollary we nusgalary işläp düzmek boýunça görülýän anyk çärelere aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, ulag hem-de logistika halkalar, telekommunikasiýa ulgamlary tapgyrlaýyn ösdürilýär, önümçilik we elektroenergiýanyň eksporty, aýratyn-da, serhetüsti böleginde iberilmegi giňeýär, goňşy ýurtlara hem-de daşary ýurtlara uglewodorodlaryň iberilmegi amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi üçin uly ähmiýeti nygtaldy.
AÖB-niň Merkezi we Günbatar Aziýa Departamentiniň Baş direktory jenap Werner Lipah we AÖB-niň Gündogar Aziýa Departamentiniň Baş direktorynyň orunbasary hanym Tereza Ho şeýle uly wekilçilikde gatnaşyjylaryň hyzmatdaşlyk etmegiň täze ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak we “MASYH 2030” strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmäge jogapkärli çözgütleri tapmak mümkinçiligi üçin Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler.
Geçirilen umumy mejlisleriň barşynda 2018 — 2020-nji ýyllar üçin amala aşyrmak boýunça hereket etmegiň üç ýyllyk üýtgäp durýan strategik meýilnamasyny goşmak bilen, söwda babatda umumy maksatnama girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar geçirilen işleriň möhüm netijeleriniň hatarynda MASYH-nyň 17-nji Ministrler maslahatynda hödürlener. Milli utgaşdyryjylar makroykdysadyýet we maliýe durnuklylygy ulgamynda hyzmatdaşlygy öňe ilerletmek boýunça tehniki wezipeleriň taslamasy bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, şu gün we ýakyn wagtda düýbi tutuljak binýat esasy ugur — öňde goýlan mümkinçiliklere ýetmek we amallara degişli ileri tutulýan ýörelgelere esaslanan wezipeler üçin ýolgörkeziji bolup hyzmat eder. Täze strategiýada dünýädäki we sebitdäki dürli wakalaryň geljekde maksatnamanyň wajypdygyna we netijeliligine täsir edip biljekdigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, maksatnamanyň möhüm maksatlarynyň biri söwdanyň giňeldilişini hem-de sebit ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylyşyny tizleşdiriji hökmünde MASYH-nyň eýeleýän ornuny artdyrmakdan ybaratdyr.
Çykyşlarda söwdanyň ösdürilmegi üçin Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) goşulyşmak we onuň düzümine gireniňden soň, borçnamalary ýerine ýetirmek, BSG-niň Söwda işlerini ýönekeýleşdirmek baradaky ylalaşygyny (SIÝY) amala aşyrmak, gümrük hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, söwda işlerini toplumlaýyn ýönekeýleşdirmek hem-de dünýäniň we sebitiň esasy söwda maksatnamalaryny üýtgetmek babatda täze mümkinçilikleri kesgitlemek boýunça agza ýurtlara goldaw bermegiň dowam etdiriljekdigine aýratyn ünsi çekildi.
MASYH-nyň täze strategiýasy, şeýle hem gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda ylalaşygy gazanmagyň, ýeke-täk giňişligiň çäklerinde ileri tutulýan ugurlary ýakynlaşdyrmagyň we kybap getirmegiň zerurdygyny özünde jemleýär. Şu babatda maslahata gatnaşyjylar häzirki wagtda Sebitleýin söwda toparyny döretmek boýunça amala aşyrylan işler bilen tanyşdyryldy. Mejlisleriň biriniň barşynda ulag we energetika ulgamlary boýunça tanyşdyrmalar geçirildi we ara alyp maslahatlaşmalar boldy.
Jemleýji mejlisiň çäklerinde türkmen tarapy MASYH-nyň 17-nji Ministrler maslahatyna taýýarlyk görmegiň barşy barada täzelenen maglumatlary, Sekretariat bolsa öňde boljak forumyň deslapky gün tertibini hödürledi. Gatnaşyjylar ministrleriň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasyny aýratyn ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisiň netijeleri boýunça MASYH-nyň maksatnamasyna agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi, şolaryň ykdysady ösüşini höweslendirmek we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna has-da goşulyşmagy baradaky meseleler kesgitlenildi. Iş maslahatyna gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, şeýle duşuşyklar sebit hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär hem-de özara hereket etmegiň has netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga we bu maksatnamanyň çäklerinde peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Bellenilişi ýaly, döwrüň wajyp meselelerini umumy tagallalar arkaly çözmek maksadalaýykdyr. Şeýle çemeleşilende, kabul edilýän ylalaşyklaryň netijeliligi üpjün edilýär hem-de ol ýa-da beýleki meseleleri çözmekde ýurtlaryň çykdajylary azalýar.
Ertir, Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň (MASYH) milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahaty öz işini dowam eder. Işiň ikinji gününiň çäklerinde “MASYH-nyň sebitinde tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini ätiýaçlandyrmak arkaly howanyň üýtgeýşine durnuklylygy artdyrmak” diýen ýörite mejlis geçiriler. Bu ugur geljek üçin hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ýörelgeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi.
Öňde boljak mejlis özara bilim alyşmalary hem-de agza ýurtlar bilen MASYH-nyň çäklerinde degişli sebit guralyny döretmegiň mümkinçiliklerini teklip etmek bilen birlikde, tebigy weýrançylyklaryň töwekgelçiliklerini maliýeleşdirmäge innowasion çemeleşmeleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.