TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

Şu gün, 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruis Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň esasy görkezijileriniň biri ýokary derejeli gepleşikler bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Komissiýasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň wekiliýetleriniň özara saparlaryň, şeýle hem Ýewropa Parlamentiniň agzalarynyň türkmen kärdeşleri bilen duşuşyklarynyň gurnalmagynyň mümkinçilikleri bilen bagly meselelere seredildi.

Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin şertleri döretmek maksady bilen, taraplar şu ýylyň ahyryna çenli Aşgabatda “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmegi ylalaşdylar.

Şol bir wagtda, türkmen-ýewropa gepleşikleriniň çäklerinde adam hukuklary boýunça nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler we onuň dowamynda wajyp ynsanperwerlik meselelerine seredilmegi meýilleşdirilýär.