TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ BEÝIK MILLET MEJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi.

Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysyny Aşgabatda görýändigine şatdygyny aýdyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyza görkezilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy öz tarapyndan iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegi ugrunda mundan beýläk-de tagalla etjekdigini nygtady.

Parlamentara gatnaşyklar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunda kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, duşuşyklaryň we geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Munuň özi hyzmatdaşlygyň häzirki zaman hukuk binýadyny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň ýurdumyza saparynyň bu ugurda möhüm ädime öwrüljekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy Mustafa Şentop dostluk däplerine, taraplaryň hoşniýetli erkine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine, ählumumy abadançylygyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.