TÜRKMEN-RUS IŞEWÜRLIK MASLAHATY

2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirildi.

Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzüminde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, täjirçilik däl guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary bar.

Türkmen tarapyndan birnäçe wise-premýerler, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet konsernleriniň, birleşikleriniň, komitetleriň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary foruma gatnaşýarlar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, şu foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin russiýaly hyzmatdaşlara hoşallygyny beýan etdi. RF-niň wekiliýetiniň şeýle wekilçilikli düzümi, onuň ýokary derejesi, ýurduň dürli sebitlerine giň wekilçiligi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanmanyň, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygynyň subutnamasydyr.

Çykyşyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň gurallarynyň ýeterlik derejede netijeli herekete girizilendigi bellenildi. Bu toparyň mejlisleri yzygiderli esasda geçirilýär hem-de barha köp ugurlary öz içine alýar. Ýokary derejedäki gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň üstünliklere we oňyn netijelere beslenýändiginiň esasy, kesgitleýji şerti bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabr aýynyň başynda Russiýa amala aşyran saparynyň aýratyn ähmiýetli waka bolandygy nygtaldy.

Söwda-ykdysady we işewürlik hyzmatdaşlygy türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky wagtlarda energetika, ulag, önümçilik kooperasiýasy ýaly ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyna hem-de ösdürmegine döwletara hyzmatdaşlykda möhüm orun degişlidir. Geçen ýyllaryň dowamynda Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty bilen netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary emele geldi. Häzirki wagtda Russiýanyň birnäçe beýleki sebitleri, hususan-da, Çelýabinsk, Swerdlowsk we Orýol oblastlary hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler, biz muny goldaýarys.

Ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ulgam yzygiderli esasda ösdürilýär.

Öz nobatynda, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin foruma gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna ýüzlenip, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerligi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan etdi.

Premýer-ministr şu gezekki duşuşygyň rus-türkmen gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän şeýle giň gerimli işewürlik maslahatydygyny aýdyp, onuň iki ýurduň telekeçileriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigini, köp sanly geljegi uly taslamalara ýol açjakdygyny nygtady.

Mihail Mişustin çykyşynyň dowamynda Russiýanyň ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyny gysgaça häsiýetlendirdi. Ol, umuman, durnukly ýagdaýda saklanýar, işjeň ösdürilýär.

Işewürlik maslahatyna Russiýanyň köp sanly kompaniýalary gatnaşýarlar hem-de olar hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrlar diýip, Mihail Mişustin sözüni dowam etdi we Russiýa bilen Türkmenistanyň birek-birek üçin hemişe ygtybarly hyzmatdaşlar bolandyklaryna, şeýle bolup hem galjakdyklaryna aýratyn üns çekdi.

Myhman çykyşynyň dowamynda Prezidentler Wladimir Putiniň we Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Moskwada gol çeken strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamanyň, şeýle hem baglaşylan täze ylalaşyklaryň, şol sanda oba hojalyk we söwda, bank, maglumat, ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalar boýunça, sebitara kooperasiýany pugtalandyrmak hakynda ylalaşyklaryň ähmiýetini nygtady.

Şeýle hem Mihail Mişustin Türkmenistanyň wekillerini Russiýada şu ýylyň birinji ýarymynda geçirilmegi meýilleşdirilen iri çäreleriň birnäçesine, hususan-da, “Russiýa — Yslam dünýäsi” halkara ykdysady forumyna, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlislerine, “Ýewraziýa — biziň öýümiz” kooperasiýa taslamalarynyň sergisine, Ýewraziýa kongresine, Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra çykyş eden Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Russiýa Federasiýasy bilen döwletara hyzmatdaşlygyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Tatarystan üçin hemişe strategik hyzmatdaş bolup durýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, biziň halklarymyzy ruhy-medeni umumylyklar, taryhy taýdan emele gelen hem-de häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň toplanan uly tejribesine daýanýan gatnaşyklar birleşdirýär we olar hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar.

Russiýaly hyzmatdaşlaryň çykyşlarynda dürli ulgamlaryň wekilleriniň häzirki wagtda ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanmalary beýan edildi. Dostlukly ýurduň işewürleri giň gerimli milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklap, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça anyk tekliplerini aýtdylar.

Umumy mejlisiň ahyrynda şeýle duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam edýändigi, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljek üçin meýilnamalary hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň döwrebap görnüşlerini işläp taýýarlamak üçin amatly mümkinçilikleri emele getirýändigi bellenildi. Taraplaryň pikirine görä, şu gezekki forumyň netijeleri uzak geljege gönükdirilen oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşmaça itergi berer.