Evranyň Gülüstan welaýatynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň  baý taryha eýe bolan gadymy we abraýly – “Gonbad-Kavous” uniwersitetinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň çuňňur döredijiligine bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň iki ýurduň gatnaşyklarynyň berkemegi üçin wajypdygyny belläp, şeýle-de türkmen edebiýatynyň we türkmen halkynyň aňynda şahyryň milli orny barada aýdyp geçdi.