TÜRKMEN TELEKEÇILERI EÝRANYŇ DEMIRGAZYK HORASAN WE GÜLÜSTAN WELAÝATLARYNDA GEÇIRILEN ÇÄRELERE GATNAŞDYLAR
2023-nji ýylyň 12-18-nji iýuny aralygynda Eýranda geçirilýän “Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň eksport we söwda mümkinçilikleri” atly maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan düzülen wekiliýet agzalary 12-15-nji iýunynda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Bujnurd şäherinde hem-de Gülüstan welaýatynyň Gürgen şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdylar.
Saparyň çäklerinde wekiliýet agzalary Türkmenistan bilen serhetdeş Demirgazyk Horasan welaýatynyň senagat-gurluşyk önümçilik kärhanalarynyň işi bilen tanyşan bolsalar, Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Gürgen şäherinde Eýranyň gurluşyk harytlarynyň sergisine tomaşa etdiler.