EÝRANYŇ MAŞAT ŞÄHERINDE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ EKSPORT WE SÖWDA MÜMKINÇILIKLERI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 17-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Rezawi welaýatynyň merkezi, Maşat şäherinde “Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň eksport we söwda mümkinçilikleri” atly maslahat geçirildi.

Maslahata türkmen wekiliýeti, Horasan Razawi welaýatynyň häkiminiň orunbasary Abdulfazl Çämändi, welaýatynyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçysy Täwäkkolizade, Eýranyň we Türkmenistanyň bilelikdäki söwda otagynyň ýolbaşçysy Mohammad Nejad, welaýatyň Senagat, magdan we söwda guramasynyň ýolbaşçysy Amir Reza Räjäbi, Eýranyň Türkmenistandaky Ilçisi Golam Arbabhales hem-de Eýranyň telekeçileriniň we söwda edaralarynyň ýolbaşçylary we agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda iki ýurduň söwda gatnaşyklary we ösüşi, bu gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegi bilen bagly ugurlar, telekeçilik we söwda mümkinçilikler barada çykyşlar edildi, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky gümrük geçiriş ýerleriniň ähmiýeti bellenilip geçildi.