«SARAHS» SERHEDINDE IKI ÝURDUŇ GÜMRÜK EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda türkmen-eýran dostluk serhedinde ýerleşýän «Sarahs-Sarahs» gözegcilik geçiriş ýerinde iki ýurduň Gümrük gulluklarynyň wekilleriniň iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmegiň möhüm meseleleri we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we ýönekeýleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny we tekliplerini birek birege beýan etdiler. Iki Döwletiň gümrük gulluklarynyň wekilleriniň duşuşmagy özara hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigi bellendi.