EÝRANYŇ MAŞAT ŞÄHERINDE “STAR EXPO 2023” ATLY SERGI GEÇIRILDI
28-nji noýabrynda Maşat şäheriniň “Ýyldyz” söwda merkeziniň binasynda “Star expo 2023” ady bilen iýmit we syýahatçylyk ugruna bagyşlanan dördünji sergi öz işine başlady.
Bu sergä Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsullygy türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini şöhlelendirýän sergi stendi bilen gatnaşdy. Onda halkymyzyň gadymy taryhynyň hem-de baý medeniýetiniň subutnamalary bolan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Mundan başga-da, sergä gelenler türkmen saz gurallary, milli lybaslar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplaryna aýratyn orun berildi.
Şeýle-de, sergide türkmen milli tagamlarynyň görnüşlerinden taýýarlanylyşy görkezilip, gatnaşyjylara hödür edildi.