Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsuly Gülüstan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly iki ýurduň Altyn asyr-Inçeburun gümrük nokadyna we Inçeburun demir ýol menziline iş saparyny amala aşyrdy. Şeýle hem Baş konsul Gülüstan häkiminiň orunbasary Seýid Ali Mohajer bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşyklarda Balkan welaýaty bilen Gülüstan welaýatynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha berkeýändigi, iki goňşy welaýatyň taryhy-medeni umumylyklarynyň bardygy aýratyn nygtaldy.
Bu duşuşyklarda soňky gysga wagtyň dowamynda iki ýurduň gatnaşyklarynda täze taryhy sahypalaryň açylýandygy üçin Türkmenistanyň we Eýranyň Döwlet we Hökümet baştutanlaryna çuňňur minnetdarlyk bildirildi.