Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory Eýranyň Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetine iş saparyny amala aşyrdy

img
img
img
img
img
img

28-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetine iş sapary amala aşyryldy.

Saparyň çäklerinde A.Gapurow Gürgen uniwersitetiniň rektory Şaban Şataýi bilen duşuşyk geçirdi we iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda okuw maslahatlaryny geçirmek, bilelikde makalalary çap etmek, mugallymlaryň hünär kämilleşdiriş okuwlaryny uniwersitetleriň binýadynda gurnamak, halkara taslamalaryna bilelikde gatnaşmak hem-de halkara ylmy taslama we internet ders bäsleşiklerine gatnaşmak barada pikir alyşdylar.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Gürgen uniwersitetiň çäginde gurnalan sergi we uniwersitetiň gurluşy bilen tanyşdyryldy.