TÜRKMENISTANYŇ EÝRANDAKY BAŞ KONSULY EÝRANYŇ DIM-Ň WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

photo

2024-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsulynyň Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Maşat şäherindäki Wekilhanasynyň ýolbaşçysy Ahmad Masumifar bilen duşuşygy geçirildi.

        Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň hökümet ýolbaşçylarynyň arasynda ýokary derejelerde geçirilen syýasy ykdysady we medeni ugurlardaky ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça masalahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň we Eýranyň serhetýaka welaýatlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipler barada pikir alyşdylar.