«Artyk-Lotfabat» gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýranyň wekiliýetleriniň serhetýaka duşuşygy geçirildi

photo

2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk-Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerinde, bu ýerde hereket edýän edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň serhet wekilleriniň duşuşygy geçirildi.

Taraplar «Artyk-Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýeriniň özara ýük daşamalar babatda mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça meselelere garadylar.

Ara alnyp maslahatlaşylan ähli meseleler boýunça özara düşünişmege gelindi we taraplar özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin taýýardyklaryny mälim etdiler.