Ahal welaýatynyñ häkiminiñ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniñ Eýranyñ Demirgazyk Horasan welaýatyna sapary
2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyñ häkimi R.Hojagulyýewiñ ýolbaşçylygyndaky wekikiýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyñ häkimi M.Hosseinejadyñ arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtalyp geçildi.
Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşyldy.
Günüñ ikinji ýarymynda iki goñşy welaýatyñ işewürleriniñ gatnaşmagynda işewürler forumy üstünlikli geçirildi.
22.02.2024ý senede Ahal we Demirgazyk Horasan welaýatlarynyň Saglygy goraýyş pudagynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkiminiň saparynyň meýilnamasyna laýyklykda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyñ senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de nebit-himiýa toplumy bilen tanyşyldy we bu pudaklar babatda hyzmatdaşylygy ösdürmek boýunça özara pikirler alyşyldy.