Eýranyň “Nohostnews” («Ilkinji habarlar») hepdelik gazet we internet habarlar gullugynyň müdiri bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 16-njy martynda Maşat şäherinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly Y.Gaýypowyň Eýranyň «Nohostnews» («Ilkinji habarlar») hepdelik gazet we internet habarlar gullugynyň müdiri Ali Pakbaz Hosrowşahi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar esasan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada maslahatlaşdylar. Şeýle hem doganlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösüşini ýaýbaňlandyrmagyň mümkinçilikleri, maglumat ulgamyndaky bilelikdäki meýilnamalar barada pikir alyşyldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda ileri tutulýan döwlet syýasatynyň ugurlarynyň biri bolan  ýaşlar syýasaty bilen tanyşdyrmak maksady bilen Ali Pakbaz Hosrowşahä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Şeýle hem duşuşygyň çäginde türkmen tarapy 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilendigi barada aýdyp, bu şygaryň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe halkara medeni we ylmy çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýändigi barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Eýranyň “Nohostnews” hepdelik gazet we internet habarlar gullugynyň  wekilleri türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara derejesinde geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin çagyryldy.