BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (BMG-Syýahatçylyk) Baş sekretary Türkmenistanyň DIM-nde duşuşyk geçirdi

Şu gün, 2024-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly Halkara maslahata gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (BMG-Syýahatçylyk) Baş sekretary Zurab Pololikaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.

Halkara maslahata gatnaşmaga geleni üçin Guramanyň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirilensoň, BMG-Syýahatçylyk guramasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi diýen mowzuk boýunça jikme-jik pikir alyşmalar boldy. Syýahatçylyk boýunça bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amal etmegiň ugurlary, BMG-Syýahatçylyk guramasynyň Akademiýasy bilen bilelikde syýahatçylyk ugrunda hünärmenleri taýýarlamak, BMG-Syýahatçylyk guramasynyň Ýüpek ýoly maksatnamasynyň çäginde ýärdam bermek, iki tarapa-da gyüykly bolan meseleler, ýagny marketing we aragatnaşykda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-Syýahatçylyk guramasynyň 2024-nji ýylyň 8-nji martynda döredilen “Türkmenistan – BMG” Strategik maslahat beriş geňeşiniň işine gatnaşmak meselesi jikme-jik seredildi. Bu geňeş Türkmenistanyň global başlangyçlara we kompanialara goşulmaga we öz goşandyny goşmaga, şeýle hem bilelikdäki taslamalary we meýilnamalary işläp düzmek boýunça guraly bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, BMG-Syýahatçylyk guramasynyň Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynda 2024-2025 ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny işläp düzmäge we ýerine ýetirmäge gatnaşmak meselesine hem seredildi.