EÝRANDA «TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» KITABYNYŇ PARS DILINE TERJIME ETMAGE GIRIŞMEK DABARASY GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img

06.07.2024 senede Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat Lukmançylyk uniwersitetinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy eksiklopedik kitabynyň birinji jildiniň pars diline terjime etmage girişmek dabarasy geçirildi.

Çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklere, olaryň halk lukmançylygynda peýdalanyşyna bagyşlanan bu kitabynyň Eýranyň lukmanlarynda uly gyzyklanma döredendigini, kitabyň pars diline terjime edilmegi bolsa dostlukly ýurduň okyjylaryna, aýratyn-da, lukmançylyk ugrunda bilim alýan talyplara we bu ugurda işleýän lukmanlara kitabyň mazmuny bilen içgin tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döretjekdigini belläp geçdiler.