Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen boldy.

Sammite gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri hem Astana şäherine geldiler. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hormatly myhman hökmünde ýokary derejeli çärelere gatnaşmaga geldi.

Günüň birinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Akorda» köşgüne ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutany Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew dostlarça salamlaşyp, mähirli garşylady.

Sammitiň resmi nyşanynyň we oňa gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, «Akorda» köşgünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew açdy. Çykyşynyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Baştutany Merkezi Aziýa döwletleriniň we halklarynyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga bolan ymtylmasyny görkezýän sammitiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Soňra gazak Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna söz berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda bildirilen myhmansöýerlik we mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Baştutany her ýyl geçirilýän şeýle duşuşyklaryň indi däbe öwrülendigini we tejribäniň görkezişi ýaly, hemişe möhüm hem derwaýysdydygyny belledi. Şeýle-de bu mejlisleriň dowamynda netijeli, açyk, ynanyşykly dialogyň alnyp barylýandygyny, munuň bolsa pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine has gowy düşünmäge we şonuň esasynda anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berýändigini hem aýratyn belledi.

Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyklaryň bu formatyny döretmek başlangyjyny öňe süren Türkmenistan olaryň diňe maslahat beriş häsiýetine eýe bolmalydygyndan, syýasy gatnaşyklar üçin berk düzgünleşdiriji kadalardan, amallardan azat meýdança bolmalydygyndan ugur alýandygy aýdyldy.

Türkmenistanyň Baştutany sebitiň daşarky täsirlere, hususan-da, gapma-garşylykly ýagdaýlara düşürilmegine, Merkezi Aziýanyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan geosyýasy, ykdysady, medeni giňişlik hökmünde özbaşdaklygyna şübhelenmek üçin esas döretmäge ýol berilmeli däldigini nygtady. «Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar we olar parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlykdyr», – diýip Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Sözüniň dowamynda türkmen Baştutany Türkmenistanyň ulag meselelerine bolan çemeleşmesi barada giňişleýin aýdyp berdi we halkara energetika hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň möhümdigini belledi. Söwdanyň giňeldilmegi, senagat taýdan goşulyşmak, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm meseleleriň hem ünsden düşürilmeli däldigi nygtaldy.

Öz çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny öňde boljak halkara maslahata çagyrdy.

Konsultatiw duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary okgunly ösdürmekde bu formatyň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, şu gezekki sammit taraplaryň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezdi.

Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Olar – Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, sebit kooperasiýasyny ösdürmegiň «Merkezi Aziýa — 2040» Konsepsiýasy hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň Çözgüdi. Şeýle-de ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy giňişleýin görnüşde dowam etdi. Hormatly myhmanlar hökmünde oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek, gatnaşyjy ýurtlaryň köptaraplaýyn meýdançalarda, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryny has-da ilerletmek üçin giň mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Türkmenistana dolandy.