img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň DIM-nde USAID-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

photo

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anžali Kauryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleýin we milli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady ösüş, metan zyňyndylaryny azaltmak, logistika, durmuş ulgamy, Türkmenistanyň BSG-ä girmegi bilen baglanyşykly USAID-iň üsti bilen tehniki goldaw bermek we beýleki ugurlarynda özara gatnaşyklaryň geljegine aýratyn üns berildi.