img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen-eýran gatnaşyklary barha ösdürilýär

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 28-30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly Eýranyň hazarýaka Mazendaran welaýatyna iş saparyny amala aşydy.

Saparyň dowamynda Baş konsul Mazendaran welaýatynyň häkimi Ýusef Nuri, Söwda, senagat, dag-magdan we oba hojalyk edarasynyň başlygy Ali Tagipur hem-de Hazar deňziniň kenaryndaky Amirabad portunyň baş direktory Muhammadali Musapur bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyklarda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk barada we hususanda Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Amirabad portunyň arasynda hazarýaka hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada özara pikir alyşdylar.