BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan ýörite brifing geçirildi

photo

Köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan ýörite brifing geçirildi

Ozal habar berlişi ýaly, 5-8-nji awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, iri kompaniýalaryň 20-den agdygyndan wekiller gatnaşdylar. BMG tarapyndan her on ýyldan bir gezek guralýan maslahatyň işini hem-de onuň çäklerinde geçirilen utgaşykly çäreleri giňden beýan etmek maksady bilen, 40-a golaý döwletden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 160-dan gowragy çagyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow maslahatyň jemlerini teswirlemek bilen, onuň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwlet üçin ýagty geljegi gurmak maksady bilen bu ýere jemlenen hökümetleriň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, bilermenleriň, raýat jemgyýetiniň hem-de ýaşlaryň wekilleriniň aýdyň we işjeň duşuşygy bolandygyny belledi.

Öňdengörüjilikli, anyk hereketlere gönükdirilen, ençeme onýyllyklaryň dowamynda bilelikde işlemek üçin ygtybarly binýat boljak resminama — Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi wekilçilikli forumyň esasy netijesidir.

Wise-premýer, Daşary işler ministri ähli wekiliýetleriň agzalaryna we maslahata gatnaşyjylara goşan uly goşantlary, ylalaşykly çemeleşmeleri hem-de täze, oňyn başlangyçlarydyr teklipleri üçin hoşallyk bildirip, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny milli, sebit, ählumumy derejede yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de maksatnamany amala aşyrmagyň dowamynda hemişelik gözegçilik etmäge, utgaşdyrmaga we hasabatlylygy ýöretmäge ukyply milli utgaşdyryjylaryň toruny berkitmegiň üstünligiň möhüm şertidigini nygtady.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekil, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bildirilen myhmansöýerlik hem-de halkara hyzmatdaşlyk üçin taryhy ähmiýete eýe bolan maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Ählumumy raýdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan durnukly ösüşe batyrgaý we inklýuziw garaýyşlaryň maslahatyň çäklerinde geçirilen pikir alyşmalaryň esasyny düzendigi bellenildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary geçirilen çäreler barada tutuş dünýä boýunça habarlary ýaýradandyklary üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu maslahatyň galdyran mirasynyň sözler bilen däl-de, onuň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durmuşyna düýpli özgertmeleri getirjekdigi bilen ölçenjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan geljekde-de sebit hyzmatdaşlygyna we ählumumy ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga doly ygrarly bolup, mundan beýläk-de milli tagallalary hereketleriň täze maksatnamasynyň wezipeleri bilen utgaşdyryp, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen yzygiderli, oňyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Şeýlelikde, ýakyn onýyllyk üçin bilelikdäki hereketleriň esasy ugurlaryny kesgitlän ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň nobatdaky güwäsine, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň ykrarnamasyna, ýurdumyzyň, bütin adamzadyň bähbidine Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň mysalyna öwrüldi.