LLDC-iň üçünji maslahatynyň tamamlanmagynyň çäklerinde baýdak düşürmek dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we BMG-niň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.
Baýdaklaryň dabaraly ýagdaýda düşürilmegi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilen möhüm çäreleriň resmi taýdan tamamlanandygyny we onuň ählumumy ähmiýetliligini alamatlandyrdy. Bu halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň zerurlyklarynyň, ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin hem amatly meýdança boldy.
Dabarada çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň nygtaýşy ýaly, maslahatyň geçirilýän günlerinde Awaza raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi, bu ýerde geçirilen çärelerde bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň düýp mazmuny öz beýanyny tapdy.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde möhüm pikir alyşmalar boldy, uzak möhletleýin geljege gönükdirilen taslamalara garaldy, DÇBÖBD-niň ykdysady ösüşine baha berildi we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi, iň esasysy bolsa, halkara dialogyň, hyzmatdaşlygyň täze köprüleri guruldy.
R.Meredow Türkmenistanyň bu halkara ähmiýetli forumy kabul edendigine buýsanýandygyny belledi hem-de maslahata gatnaşyjylaryň ählisine hoşallyk bildirdi.
Soňra ýokary wekilçilikli maslahatyň jemleýji dabarasynda çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima söz berildi.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bu forumyň ýokary guramaçylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip, Awazanyň DÇBÖBD üçin durnukly ösüşe bolan umydyň we umumy maksada ymtylyşyň nyşanyna öwrülendigini, bu ýerde geçirilen forumyň halkara jemgyýetçiligiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 32-sinde ýaşaýan 600 milliona golaý adamyň abadançylygy ugrundaky tagallalaryny birleşdirendigini nygtady.
Baýdaklaryň düşürilmegi bilen, bu möhüm halkara maslahat öz işini jemleýär. Emma bu DÇBÖBD üçin täze döwrüň, olaryň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny aňladýar. DÇBÖBD geografik taýdan çäkli mümkinçiliklere eýe bolsalar-da, olaryň ykdysady mümkinçilikleri çäksizdir. Dogry hyzmatdaşlyk, dogry maýa goýumlar we dogry goldaw bilen olar öz halklary üçin ýagty geljegi üpjün edip bilerler – diýip, Rabab Fatima belledi we foruma işjeň gatnaşandyklary, pikirlerini we tejribelerini paýlaşandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, harby orkestr dabara sazyny çaldy. Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklary düşürildi.