Bitaraplygyň dostlary toparynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda «Parlamentara dialog – dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.

Oňa Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň, Parlamentara Birleşigiň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çäre Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit we ählumumy derejedäki ýagdaýlary durnuklylaşdyrmaga goşant goşýan ýardamyna ýokary baha berdiler. Şeýle-de, BMG-niň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşy bolup çykyş edýändigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, parlament diplomatiýasy halklaryň arasynda dostlugy berkitmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp gural hökmünde çykyş edýär. Bu babatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek barada öňe süren başlangyjynyň parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendigi barada nygtap geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ählumumy bähbitleri göz öňünde tutýan bu başlangyçlary ilerletmekde Bitaraplygyň dostlary toparynyň orny we goşandy barada pikir alyşdylar.