Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa - Russiýa» ikinji sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine iş sapar bilen ugrady.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Täjigistanyň Prezidenti öz kärdeşini mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Täjigistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Baştutanynyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Emomali Rahmona mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşan şahsy goşandy barada belledi.

Prezident Emomali Rahmon Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýokary döwlet derejesindäki özara saparlaryň möhüm ähmiýetini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň dünýä we sebit syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň köp babatda meňzeşdigini belläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin täjik tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde iki ýurduň gatnaşyklarynyň oňyn tejribesi toplandy. Täjigistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan teklip edilen köp sanly Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Täjigistanyň halkara tagallalaryna ýokary baha bermek bilen, onuň dürli halkara düzümlerde öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýar.

Taraplar sebit howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ulgamlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara gatnaşyklary babatda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Duşenbede geçirilen Buzluklary gorap saklamak boýunça ýokary derejeli halkara maslahatyň ähmiýeti barada bellenildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň bu ugurdaky mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy barada bellenildi. Şunuň bilen baglylykda soňky mejlisi geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparynyň orny hakynda aýratyn bellenip geçildi. Bu toparyň nobatdaky mejlisini ýakyn wagtda geçirmek mümkinçiligine seredildi.

Şeýle-de taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şunda ylym-bilim ulgamy ileri tutulýan ugruň biri hökmünde galýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon iki ýurduň däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.