img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

photo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Ahmet Çalyk duşuşmaga wagt tapandygy hem-de ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz bilen Niderlandlar Patyşalygynda duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan tarapyndan Ýewropada guralan şeýle çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň atşynaslyk sungatyny tutuş dünýäde dabaralandyrmak ugrundaky başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ahalteke atlarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen dünýä çempionatynyň ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmakda mundan beýläk-de ygtybarly köpri bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Şunda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda birnäçe ugurlarda üstünlikli alnyp barylýandygy aýratyn bellenildi.

Işewür bildirilýän uly ynamyň özi üçin beýik mertebedigini beýan edip, ata Watany Türkmenistanda iş alyp barmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.