img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji okuw maslahaty açyldy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda «Arçabil» myhmanhanasynda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty we Halkara Okean instituty guraýarlar.

Açylyş dabarasyna Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Halkara okean institutynyň ýerine ýetiriji direktory Antonella Wassallo, okuw maslahatynyň direktory doktor Parwin Farşçi, deňiz giňişligini meýilleşdirmek boýunça öňdebaryjy bilermen doktor Andreý Abramiç hem-de Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow gatnaşdylar.

Çykyşlarda okuw maslahatynyň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, şeýle hem Hazar deňzini durnukly peýdalanmak we gorap saklamak boýunça hünärmenleriň hünär mümkinçiliklerini ösdürmekde möhüm ähmiýeti bellenildi. Bu okuw maslahaty Türkmenistanda 2013-nji ýyldan bäri geçirilip, Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň wekillerini bir ýere jemleýär.

Okuw maslahatynyň çäklerinde halkara deňiz hukugy, şeýle hem Hazar deňziniň ekologik meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda 80/295 belgili rezolýusiýanyň ylalaşyk esasynda kabul edilip, 2028-nji ýylyň «Halkara hukugynyň ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenilýär. Resminamany 78 döwlet goldap, onuň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Okuw maksatnamasynyň durmuşa geçirilýän ýyllarynyň dowamynda Türkmenistan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Hytaýdan Hazar deňzi bilen bagly dürli ugurlarda işleýän 175 hünärmen okuw geçdi.

Şu ýyl okuw maslahatynyň maksatnamasynda esasy üns Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyna we onuň suwunyň çekilmegi bilen bagly meselelere gönükdirilýär.

Halkara okuw maslahaty 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabryna çenli dowam eder.