Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna ugrady

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy etrabynda täze gazhimiýa önümçilik toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz kenarýaka şäheriniň howa menzilinden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.

Soňra milli Liderimiz Hazar deňziniň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi. Awazada sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilmegi halkara derejeli bu şypahana toplumyny ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Muňa iň ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän “Awaza” köpugurly sport toplumy hem şaýatlyk edýär, döwlet Baştutanymyzyň welosipedli gezelenji bu toplumyň ýanyndan başlandy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sporty işjeň ösdürilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde esaslandyrdy. Bularyň ählisi Milletler Bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň goldanylýandygynyň hem-de halkara derejesinde ýurdumyzyň abraýynyň belende göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Welosipedli gezelenç wagtynda döwlet Baştutanymyz deňiz kenarynyň gözelliklerini synlady. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda gurlan “Awaza” dynç alyş zolagy amatly hem-de sagdyn durmuş gurşawynyň kemala gelmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Güýz günleriniň altyn öwüşginleri, tämiz howa Hazaryň kenarynda dynç alýanlara aýratyn ylham we güýç-kuwwat berýär.

Welosipedli gezelenjiň barşynda döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýylyň-ýylyna täze agaç nahallary ekilip, giňeldilýän Awazanyň seýilgäh zolagyny synlady, gök zolaklar tenekar deňiz howasyny has-da jana ýaramly edýär. Şypahana zolagynyň el bilen döredilen seýilgäh zolaklary giňelýär, onuň saglygy dikeltmekde ekologiýa ähmiýetli möhüm binýat bolup durýandygy milli Liderimiz tarapyndan bu ägirt uly taslama siňdirilýän tagallalarda öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş zolagynyň sport binýadynyň pugtalandyrylmagyna ünsi çekip, deňizýaka künjeginiň ägirt uly mümkinçilikleriniň, şol sanda ekologiýa häsiýetli, sagaldyş, sport syýahatçylygynyň ösdürilmeginde netijeli peýdalanylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenji tamamlap, bu ýerden ugrady.