Türkmenistanda Tunisiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Ali Şihiden ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlik arzuw etdi.
Ilçi, öz nobatynda, hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda diplomata Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Jenap Mohamed Ali Şihi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hem-de jemgyýetiň durmuşynda amala aşyrylýan taslamalar we Mejlisiň düzümi hem-de işi bilen tanyşdyryldy.
Tunisiň doly ygtyýarly wekili öz ýurdunyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň we halklaryň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolan parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy nygtaldy.