Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi tatarystanlylaryň adyndan hem-de öz adymdan Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn.
Baharyň buşlukçysy bolan bu gadymy ajaýyp dessur döredijilik ylhamyna beslenip, onuň bilen ýagşy umyt-arzuwlar baglydyr. Goý, olaryň hemmesi hasyl bolup, halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we dostlugy berkitmek boýunça umumy tagallalarymyz ählumumy parahatçylygy we agzybirligi gorap saklamak, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek işine mynasyp goşandymyz bolsun!
Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.