Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipelerine, käbir guramaçylyk meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy, häkim häzirki wagtda paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, ony has-da abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de şäherde tomus möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň köpugurly we toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekip, bu işlerde paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, şäherde arassaçylyk, abadançylyk işlerini alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere häkimiň ünsüni çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýola goýlan işleriň, şäher ýaşaýjylary üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy, bu babatda işleriň ýerine ýetirilişine, degişli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň ýola goýulmagyna, aýratyn-da, desgalaryň gurluşygynyň hiliniň hem-de möhletleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aprel aýynda belleniljek baýramçylyklar barada aýdyp, bu aýyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilmegi ýola goýlan Türkmen bedewiniň milli baýramyna ählitaraplaýyn taýýarlyk görüp, onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz tomus möwsümine taýýarlyk görmek baradaky meselä ünsi çekip, paýtagtymyzyň etegindäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerini möwsüme doly taýýar etmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda tomsuň yssy howaly şertlerinde degişli öňüni alyş çärelerini hem göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belläp, bu ugurda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça çäreler, welaýatyň ekin meýdanlarynda amala aşyrylýan beýleki agrotehniki çäreleriň alnyp barlyşy barada aýtdy.

Şeýle hem welaýatda gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de şanly senelere, hususan-da, ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna, şeýle hem Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýat boýunça gowaça ekişiniň ýagdaýyna häkimiň ünsüni çekdi hem-de agrotehnikanyň kadalaryna berk eýermek arkaly gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek üçin oňa zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň ýene-de bir jogapkärli möwsümi bolan galla oragynyň hem ýakynlaşyp gelýändigini belläp, bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde agrotehniki çäreleriň toplumlaýyn esasda bellenen kadalara pugta laýyk alnyp barylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegi häkimden talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň gurulmagy meýilleşdirilýän edara ediş merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna taýýarlyk görmek baradaky meselä ünsi çekip, welaýatyň täze merkeziniň düýbüniň tutulmagynyň uly taryhy ähmiýetli wakadygyny aýratyn nygtady hem-de ony geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Bu künjekde gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalar, ozaly bilen, bu ýerde ýaşaýan adamlaryň abadançylygyna hyzmat etmelidir. Şonuň üçin Ahalyň täze edara ediş merkezinde bu sebitiň ilatynyň amatly ýaşamagy üçin ähli şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmegiň we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk meselelerine geçip, B.Gurbandurdyýewi özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä J.Abdyýewany bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.

Milli Liderimiz resminamalary sanly elektron dolanyşygy ulgamy arkaly häkime iberdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow çykyş edip, welaýatda alnyp barylýan işler hem-de gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde welaýatyň ekin meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň geçirilişi, şeýle hem gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy hem-de öňde boljak şanly seneler, hususan-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalaryny berk berjaý etmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň bereketli hasyly almagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi hem-de meýilleşdirilen işleriň öz möhletinde guralmagyny talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryny, şol sanda Oba milli maksatnamasyny, «Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işleriň beýleki işler bilen bir hatarda möhüm bolup durýandygyny nygtap, olaryň halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga oňyn täsir edýändigini belledi. Şoňa görä-de, bu işlere hem ilkinji derejeli ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we öz wagtynda gurlup gutarylmagy, döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.

Şanly seneler mynasybetli geçiriljek çäreler barada welaýatyň häkimine anyk görkezmeler berildi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitde giň gerimde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda gowaça ekişiniň barşy, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri, geçirilýän beýleki agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, baýramçylyklara görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri geçirmek bilen bagly meselelere jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidir diýip belledi. Bereketli galla hasylyny almak üçin agrotehniki çärelere aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň hil derejesine yzygiderli gözegçiligiň amala aşyrylmagyny hem-de öz wagtynda ulanylmaga berilmegini talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly seneleriň, hususan-da, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary derejede geçirilmegi barada görkezme berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meselelerine geçip, Ş.Jumaýewi işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de Gubadag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän B.Igdirowy bu wezipä belledi. Ý.Allaşow Gubadag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, olary sanly elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly welaýat häkimine ugratdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri, geçirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Sebitde gurulýan dürli maksatly desgalarda işleriň ýagdaýy, şanly seneler mynasybetli medeni maksatnama barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýat boýunça gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy hem-de bu işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň şu günüň esasy talaplarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýetip gelýän galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görülmelidigi barada aýdyp, bu jogapkärli möwsüme daýhanlaryň we mehanizatorlaryň sazlaşykly işlemegi üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy. Welaýatda bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde degişli çäreleriň toplumyna üns bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda häkime welaýatda gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamak hem-de öňde boljak şanly senelere, şol sanda Türkmen bedewiniň milli baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklar berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk meselelerine geçip, D.Setdarowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy, bu wezipä Ş.Hudaýkulyýewi bellemek bilen, ony Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Çärjew etrabynyň häkimi wezipesine J.Maşaripowy belläp, ony Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz resminamalary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly häkime iberdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde oba hojalygyny ösdürmek, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, bugdaýa ideg etmek, welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan beýleki agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyny, «Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler barada aýdyp, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň häzirki tapgyrynyň möhüm wezipelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň depginlerini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Milli Liderimiz galla oragyna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň ähmiýetine ünsi çekip, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýygnalan hasyly saklamak üçin ammarlary möwsüme taýýarlamak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz halkyň hal-ýagdaýynyň derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen «Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini belläp, sebitde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, olaryň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz guramaçylyk meselelerine geçip, S.Meredowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Wekilbazar etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä G.Amanowy belledi. A.Muradowa öz nobatynda Wekilbazar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow G.Berdiýewi işde goýberen kemçilikleri üçin Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä M.Saparmyradowy belledi. Işde goýberen kemçilikleri üçin J.Baýramow Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy, bu wezipä Ö.Geldiýew bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz resminamalary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly häkime iberdi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny wideokonferensiýa arkaly dowam edip, şu günki maslahatyň barşynda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Hususan-da, milli Liderimiz şu ýylyň ygally gelmeginiň ak ekinlerden bol hasyl almaga ýardam etjekdigini aýdyp, häzirki döwürde bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmegiň hem-de gowaça ekişiniň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzy has-da abadanlaşdyrmak, onuň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, adamlaryň amatly durmuşy üçin zerur şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri mydama berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň düýbüni tutmak dabarasynyň ýurdumyzyň durmuşynda taryhy wakadygyny belläp, onuň türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlaryna laýyk derejede guramaçylykly geçirilmelidigine ünsi çekdi. Bu ýerde döwrebap tehnologiýalary, ösen dünýä tejribesini özünde jemleýän häzirki zaman şäheri peýda bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle şäherleriň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulmagy barada alada ediljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde ilatly ýerleri döretmek arkaly, bu ýerde ekerançylygy, maldarçylygy, balykçylygy ösdürmek, ýurdumyzyň senagatlaşdyrmak strategiýasyndan ugur alyp, kärhanalary hem-de adamlar üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzda we welaýatlarda «Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň köpsanlysynyň gurluşygyna badalga berlendigini aýtdy. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda iri saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygy dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde halkymyzyň durmuş derejesini hem-de hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, ähli zerur işleriň geçirilmelidigine häkimleriň ünsüni çekdi.

Döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalyk önümçiliginde hem sanly elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmagyň ähmiýetine ünsi çekip, geljekde bu möhüm işi aýratyn gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň taryhynda aýratyn ornunyň bardygyny, dünýä ýüzünde behişdi bedewlerimiziň at-abraýynyň belent derejä çykandygyny belläp, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.