img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - MEŞHED
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

PEKINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI

photo

2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasynyň binasynda Hytaýyň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna (HYF) bagyşlanan tegelek stol hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

Geçirilen çäräniň barşynda oňa gatnaşan HHR-iň kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary, biziň ýurdumyzyň halkara işlerine, aýratyn hem sebitleýin we sebitara özara hereketlerine işjeň gatnaşmak boýunça daşary syýasat ulgamyndaky meýilnamalary we wezipeleri hakyndaky maglumatlar ýetirildi. Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy hakynda giňişleýin beýan edildi.