TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Duşanbede «Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we gyramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet maslahatda Türkmenistana wekilçilik etdi.   

Bu maslahat Täjigistan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan BMG, ÝB, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen bilelikde guraldy,

Maslahata dünýäniň 50-den gowrak ýurtlaryndan Daşary işler ministrleriniň we Daşary işler ministriniň orunbasarynyň, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça edaralarynyň başlyklarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler, ylmy-barlag edaralarynyň we Täjigistanda akkreditlenen diplomatik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşiň netijeli usullarynyň kesgitlenilmeginde halkara we sebitleýin özarahereketleriniň pugtalandyrylmagyna ýardam etmek, şol sanda terrorçylyk we ekstremist toparlary tarapyndan ulanylýan maliýeleşdirmäniň üýtgeýän görnüşlerine gaýragoýulmasyz seslenmek bilen birlikde bu ugurda tejribeleri we bilimleri alyşmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Duşenbe şäherine saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetini Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özarahereket etmegiň we durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagy boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň Duşanbe şäherine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasary, BMG-niň Kontrterrorçylyk Müdirliginiň Başlygy W.Woronkow, BMG-niň Kontrterrorçylyk Komitetiniň Ýerine ýetiriji Müdirliginiň Direktory W.Çen bilen duşuşyklary geçirildi. Geçirilen duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň meselelerini hem-de häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmekde özarahereketleriň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.