ÝHHG TÜRKMENISTANDA TELEWIDENIÝENIŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINIŇ TÄZE MODELLERI BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 5-6-njy iýunynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan «21-nji asyrda telewideniýeniň maliýeleşdirilmeginiň modelleri» atly okuw maslahaty geçirildi. Çäräni Beýik Britaniýadan we Ukrainadan gelen halkara bilermenler geçirdiler we olar jemgyýetçilik telewideniýesiniň esasy ýörelgelerini we döwlet, täjirçilik we jemgyýetçilik telewideniýesiniň maliýeleşdirilmeginiň däp bolan modelleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.  

Çärä Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Mejlisiniň (parlamentiň), Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalatçysynyň diwanynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de birnäçe beýleki pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Ilçi Natalýa Drozd maslahatyň gatnaşyjylaryna ýüzlenmesinde: «ÝHHG-nyň gatnaşyjy-döwletleri maglumatlaryň has erkin hem-de giňişleýin ýaýradylmagynyň üpjün edilmegi üçin aragatnaşygyň häzirki zaman serişdelerini ulanmak boýunça öz borçnamalaryna ygrarlydyrlar» diýip, belläp geçdi.

Okuw maslahatynyň barşynda media-bazarynyň tapawutlandyryjy aýratynlyklary we ýaýlym, sanly we neşir görnüşindäki köpçülikelýin habar beriş serişdeleriniň auditoriýasynyň zerurlyklarynyň we endikleriniň öwrenilmeginiň wajyp orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar abuna ýazgy ulgamy, teletomaşaçalaryň her ýyllyk goýumlary, mikromaliýeleşdirme, sanly hyzmatlar üçin salgytlar we gibrid modeller ýaly maliýeleşdirmegiň modellerine seredip geçdiler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň temalary adaty bolmadyk we ugurdaş däl köpçülikelýin habar beriş serişdeleriniň täsiriniň ösüşini hem-de köpçülikelýin habar beriş serişdeleriniň sanly geljegini öz içine aldylar.     

Okuw maslahatynyň tamamlanmagy boýunça ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Mejlisiniň we beýleki ygtyýarly edaralarynyň ýolbaşçy derejeleriniň hünärmenleri üçin «tegelek stoluň başyndaky» ara alyp maslahatlaşmalary gurady. «Tegelek stoluň başyndaky» ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda maslahatyň jemleri görkezildi we telewideniýeni maliýeleşdirmegiň optimal modelleri ara alnyp maslahatlaşyldy.