EÝRANYŇ BIRINJI WISE-PREZIDENTI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.

12-nji awgustda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Birinji Hazar ykdysady forumynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy.

Şeýle hem Eshak Jahangiri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we sebitleýin hem-de halkara gün tertibiniň ähmiýetli ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar. Myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň sebitde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň saklanylmagy boýunça başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Birinji Hazar ykdysady forumynyň hazarýaka ýurtlary we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen syýasy hem-de ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin täze netijeli halkara we sebit platformasynyň döredilmegine ýardam edendigi aýratyn bellenilip geçildi.