TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.W.Beskostyý bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, taraplar abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, ÝHHG-niň we GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça pikir alyşdylar.  

Taraplar döwletara, hökümetara, şeýle-de parlamentara derejelerinde özarabähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajyplygyny aýratyn nygtadylar. Diplomatlar şonuň ýaly-da iki döwletiň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarahereketleriniň geljekki mümkinçiliklerine seredip geçdiler.