TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ AZYK WE OBA HOJALYK GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYK ETMÄGE YGRARLYDYR

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) Sebitleýin direktory jenap Wiorel Gusu bilen duşuşygy boldy.

Taraplar FAO bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda oba hojalygynyň ösüşine ýardam bermek hem-de global ölçegde azyk howpsuzlygynyň  meselelerini çözmek ulgamyndaky häzirki taslamalary we maksatnamalary jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Ekologiýanyň goralmagyna hem-de tebigy gorlaryň netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara işlerinde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigi bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň barşynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde oňaýly geografiki ýerleşmeginiň nazarda tutulmagynda goňşy ýurtlara oňyn täsirini ýetirjek bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň işlenilip düzülmegi boýunça tekliplere hem seredilip geçildi.