TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY BIRNÄÇE MESELÄNI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. 

Taraplar iki döwletiň baştutanlarynyň hem-de daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gepleşikleriň ähmiýetini bellediler.  Jenap Atmar pandemiýa ýagdaýlary döwründe Owganystana iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdi.                 

Golaýda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen üçtaraplaýyn widekonferensiýa gepleşikleriň esasy mazmuny düzdi. Diplomatlar bu gepleşikleriň netijesinde berlen tabşyryklar boýunça pikir alyşdylar hem-de “Lapis-Lazuli” üstaşyr geçelgesini we TOPH taslamasynyň wajyplygyny nygtamak bilen ulag, energetika, telekommunikasiýalar ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini tassykladylar.  

Diplomatlar Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleri bilen bagly meseleleri, serhetara hyzmatdaşlygyny hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özarahereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.