METBUGAT-RELIZI

Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň dowam etmegi we halkara bileleşigi tarapyndan bu global ähmiýetli wehime garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylar barada habar berýär.

Dünýäde COVID-19 ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap Türkmenistanda bu ýokanjyň ýurduň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ulgamlaýyn esasda işler guraldy.

Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Hökümet topary döredildi we koronawirusa garşy göreşmek bilen bagly guramaçylyk, hukuk, maliýe, tehniki we beýleki meseleleriň çözülmegi onuň ygtyýarlyklaryna degişli edildi. Degişli döwlet edaralarynyň işleriniň utgaşdyrylmagy üçin Dessin utgaşdyryjy merkez döredildi hem-de onuň düzümine Saglygy goraýyş we derman senagaty, Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Döwlet Serhet, Gümrük, Migrasiýa gulluklarynyň we beýleki pudak edaralarynyň wekilleri girizildi.

Koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň ilkinji tapgyrynda serhet, gümrük, migrasiýa kadalarynyň, sanitar-epidemiologiki we fitosanitar gözegçiliginiň, weterinar barlaglarynyň güýçlendirilmegi boýunça çäreleriň ençemesi geçirildi.

Şeýle hem ilata muzdsuz esasda adamyň immunitetiniň berkidilmegine ýardam edýän esasy lukmançylyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjünçiligiň ulgamy guraldy.

Ýurtda ilatyň ählumumy dispanseriýaziýasy durmuşa geçirilýär, adamlaryň immun derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar.

Şunuň bilen bir hatarda Türkmenistan dünýä bileleşiginiň pandemiýa wehimlerine garşy göreşmek boýunça tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny hem ösdürýär.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň pandemiýa garşy göreşmek maksatlarynda geçirilýän halkara Sammitlerine işjeň gatnaşýandygyny hem nygtamak aýratyn zerurdyr.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylyň maýynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň Sammitinde Alym-lukmanlaryň halkara Geňeşiniň döredilmegini teklip etmek bilen ylmy diplomatiýanyň ilerledilmegi başlangyjy bilen çykyş etdi.

Bu başlangyjyň esasy mazmuny lukmançylyk ylmy ulgamynda işleýän lukmanlar, alymlar bilen aşakdaky ugurlar boýunça göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan ybaratdyr:

birinjiden, täze koronawirusyň döremeginiň tebigatynyň kesgitlenilmeginiň ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk edilmegi teklip edilýär;

ikinjiden, täze görnüşdäki ýokanç tarapyndan döredilýän keselleriň ýüze çykmagynyň görnüşleriniň öwrenilmegi ulgamynda ylmy lukmançylyk jemgyýetçiliginiň hereketleriniň işjeňleşdirilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar;

üçünjiden, sanjymlaryň, beýleki ýörite lukmançylyk serişdeleriniň we başga köp zatlaryň işlenilip düzülmegi bilen aýratyn howply ýokanç keselleriň bejergisiniň we olaryň öňüniň alynmagynyň görnüşleriniň, usullarynyň hem-de serişdeleriniň gözlenilmegi babatynda bilelikdäki işleriň zerurlygy aýratyn bellenilýär.

Türkmenistanyň COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryna goşandynyň ähmiýetli mysallarynyň biri hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş Direktorynyň adyna ýollan hatynda beýan edilen, ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreleriň toplumy baradaky maglumat bolup durýandyr. Bu hat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde hem ýaýradyldy.

Şonuň bilen bir wagtda, 2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan Halkara forum hem geçirildi. Forumyň pandemiýa bilen bagly meseleleriň çözülmegi babatyndaky çözgütlere degişli bolan düzgünleri özünde jemleýän jemleýji resminamasy hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde neşir edildi.

Ýokarda beýan edilenleriň mazmunynda, BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň 2020-nji ýylyň 30-njy martyndaky Guramanyň agza-döwletlerine koronawirus wehimine garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn we ulgamlaýyn işiň guramaçylygy baradaky çagyryşyny aýratyn bellemek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanda döwlet derejesinde Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň milli meýilnamasy kabul edildi.

Şol bir wagtda, şu ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy hem tassyklanyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň edaralary bilen COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek boýunça ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreleriň ynsanperwerlik ugurly düzüjilerini gurşap alýan üçünji milli meýilnamanyň işlenilip düzülmegine girişýär.

Pandemiýa meseleleri şu günki günde hünär barlaglarynyň, ylmy derňewleriň we işläp taýýarlamalarynyň mazmunyna öwrülýär. Bu işe aglaba ýurtlaryň alymlary dahylly bolup, olar düýpli ylmy seljermäniň esasynda eýýäm şu günki günde pandemiýa garşy göreşmek işinde möhüm amaly ähmiýete eýe bolan wajyp netijeleri gazanýarlar.

Şu ýylyň 4-nji iýulynda dünýäniň 32 ýurdundan bolan 239 alymlaryň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş Direktorynyň adyna ýollan açyk görnüşli ýüzlenmesi hem şeýle wakalaryň biri boldy. Bu hatda ylmy barlaglaryň netijeleri hakyndaky maglumatlary beýan edilen bolup, ol koronawirusyň täze görnüşiniň howada uzak wagtyň dowamynda saklanmaga ukyply bolan ownujak aerozol damjalary arkaly ýaýramak mümkinçiliklerini tassyklaýandyr.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň lukmançylyk ylmy jemgyýetçiliginiň barlaglaryna esaslanmak bilen, ýokarda beýan edilen ylmy netijeleri goldaýandyr.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen lukmanlarynyň, ekologlarynyň, gidrometeorologiýa ulgamynyň we ylmyň beýleki ugurlarynyň hünärmenleriniň köpýyllyk barlaglary adamyň saglygy üçin zyýanly maddalaryň, şol sanda wiruslaryň Merkezi Aziýanyň duýgur ekologiki gurşawynda howa akymlary arkaly geçirilmäge ukyplydygyny tassyklaýandygyny hem aýratyn bellemek zerurdyr.

Şunlukda Aral deňziniň guramagy zerarly ýüze çykan ekologiki çökgünlik zolagynda emele gelýän howa jisimleri aýratyn howply bolmak bilen, olar Aralýaka sebitindäki we onuň çäginden alysdaky tebigata, howa, adamlaryň saglygyna düýpli ýaramaz täsirini ýetirýändir. Guran Aral deňziniň düýbünden aýratyn howply jisimleri göterýän tozanly-duzly syrgynlar müňlerçe kilometrlere ýaýraýarlar we adamyň ýaşaýşy üçin özbaşyna çynlakaý howp bolup durýarlar.

Türkmenistanyň Aral meseleleri boýunça nukdaýnazary bu günki günde hemmelere mälimdir. 2012-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» Sammitinde çykyş etmek bilen, Aral deňziniň meselesiniň häzirki wagtda «sebit derejesinden juda daşlaşandygyny we hakykatda global ähmiýete eýe bolandygyny» belläp geçdi.

Şonuň üçin hem Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň döredilmegi teklip edildi.

Bu teklibiň BMG-niň wekilçiliginde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly iki sany rezolýusiýasy kabul edildi, olar BMG-niň çäklerinde Aralyň meseleleriniň çözgüdi boýunça köptaraplaýyn özarahereketler üçin esas döretdi.

Aral ugry boýunça köptaraplaýyn özarahereketleri ösdürmek arkaly 2019-njy ýylyň awgust aýynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESKATO) Heläkçilikleriň howpuny peseltmek boýunça Komitetiniň altynjy sessiýasynyň barşynda BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu resminamany ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça ESKATO-nyň görkezilen Ýörite maksatnamanyň üstünde geljekki işleriň meseleleri dogrusyndaky rezolýusiýasynyň taslamasy taýýarlanyldy, oňa Komissiýanyň 2021-nji ýylyň maýyndaky nobatdaky mejlisiniň çäklerinde seretmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde işlenilip düzülen hem-de AHHG-nyň Durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýasynyň çözgüdi bilen 2019-njy ýylyň oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Nukus şäherinde makullanylan Durnukly Ösüş üçin Merkezi Aziýanyň daşky gurşawynyň goragy boýunça çarçuwaly Maksatnamasynyň taslamasynda-da Aral deňziniň meseleleriniň çözgüdine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen tarapynyň pandemiýa garşy göreş boýunça, şol sanda COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagyna ekzogen (tebigy) faktorlaryň täsirini has jikme-jik öwrenmek meselelerinde halkara we sebit derejesindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýarlygyny tassyklaýar.

Şu maksatlar bilen, Türkmenistan ýakyn wagtda halkara hyzmatdaşlary bilen gazanylan täze görnüşdäki ýokanja garşy göreşde raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde geljekki iş ýüzündäki hereketleriň ençemesini durmuşa geçirer.

Türkmenistanyň DIM-niň

Metbugat gullugy