TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI

2020-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ýolbaşçysy Natalýa Drozd dagylar gatnaşdylar.

Pudagara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek ugrunda Türkmenistanda 2020-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda durmuşa geçirilen işler barada gürrüň etdi. Türkmenistanyň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň esasyny we gurallaryny mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlylygy bellenildi.   

 Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň, şeýle-de Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli Strategiýasynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Soňra Toparyň agzalary we halkara guramalaryň wekilleri, üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin geljekki ädimleri we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar adam hukuklarynyň goraglylygy ulgamynda milli maksatnamalaryň, meýilnamalaryň we kanunlaryň taýýarlanylmagy boýunça pikirleri, maslahatlary hem-de teklipleri alyşdylar.   

Pudagara toparynyň we BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky 2020-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin bilelikdäki Iş meýilnamasyna aýratyn seredildi. Bu Meýilnama adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmeginde Türkmenistanyň ukyplylygyny pugtalandyrmaga goldaw berjek birnäçe möhüm ugry özünde jemleýär. Ileri tutulýan ugurlaryň arasynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasyny düzmek meselesi, neşirler we çap edilýän maglumatlar arkaly adam hukuklary baradaky habarlylygy ösdümek, hem-de adam hukuklary bilen baglylykda bilim ulgamynyň mümkünçiliklerini ýokarlandyrmak ýaly meseleler ýer alýar. 

Mejlisiň soňunda R.Meredow işjeň gatnaşandyklary üçin gatnaşyjylara minnetdarlygyny bildirdi hem-de Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegi işinde halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini tassyklady.