TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI AŞGABATDA ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün, 25-nji sentýabrda Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Dünýädäki epidemiologiki ýagdaý sebäpli, mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň işine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýaşulular, ähli pudaklaryň wekilleri, Türkmenistanyň köp sanly raýatlary, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Aşgabat şäherinden gatnaşýan wekiller paýtagtyň “Mekan” köşgüne ýygnanyşdylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýurduň Ahal welaýatynyň gatnaşyjylary “Türkmeniň Ak öýi” binasyna, Balkan, Daşoguz, Lebap  we Mary welaýatynyň wekilleri bolsa, welaýat Ruhyýet köşklerine ýygnanyşdylar.