TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI TELEFON ARKALY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary ösdürmegiň mümkinçiliklerini  ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda we maýa goýum ugurlarynda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly pikir alyşdylar. Bilim we medeniýet ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi.