LUKMAN ALYMLARYŇ HALKARA MASLAHATY IKINJI MEJLISDE ÖZ IŞINI DOWAM ETDI

“Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat öz işini COVID-19 pandemiýasy döwründe gazanylan tejribäni ulanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ikinji sessiýasynda dowam etdi.

“Pandemiýany ýüze çykaryp biljek ýokanç kesellere garşy göreşde lukmançylyk diplomatiýasy” atly temada geçen ikinji sessiýasynda alyp baryjy hökmünde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ý.Zaýsew çykyş etdi.

Ikinji sessiýanyň barşynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, BSGG-niň immunizasiýa, sanjymlar we biologik serişdeler boýunça bölüminiň direktory K.O’Braýen, Russiýa Federasiýasynyň “Rospotrebnadzor” gullugynyň “Wektor” wirusologiýa we biotehnologiýalar döwlet ylmy merkeziniň Federal ylmy býudjet edarasynyň baş direktory R.Maksýutow, BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebitleýin direktory D.Nitsan, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň sanly hyzmatlar boýunça baş utgaşdyryjysy H.Eskandar, BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň sanly saglygy goraýyş meseleleri boýunça sebitleýin geňeşçisi K.Gamilton çykyş etdiler.

Mejlisde çykyş edenler lukmançylyk diplomatiýasynyň ýokanç kesellere garşy göreşde ösüş gazanmakda uly ornunyň bardygyny bellediler. Türkmenistanyň ýokanç kesellere garşy bilelikdäki bütindünýä göreşe gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilmegi, şeýle-de döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamyndaky esasy başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň edildi.

Şeýle hem çykyşlarda COVID-19-a garşy sanjymlaryň geçirilmeginiň, lukmançylyk hyzmatlarynyň ählumumy gurşawyny amala aşyrmak üçin sanjymlaryň hemmeler üçin elýeterli bolmagynyň üpjün edilmeginiň zerurlygy barada aýdylyp geçildi. Mejlise gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasyna garşy halkara lukmançylyk-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeginiň wajyplygyny bellediler hem-de sanly lukmançylygy ösdürmegiň esasy ugurlary barada aýtdylar.