LUKMAN ALYMLARYŇ HALKARA MASLAHATYNYŇ BARŞYNDA LUKMANÇYLYK DIPLOMATIÝASYNY ÖSDÜRMEGIŇ DERWAÝYSLYGY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

«Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň barşynda ylmy intelligensiýanyň wekilleri, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli wekilleri lukmançylygyň hem-de ylmy diplomatiýanyň ilerledilmeginiň meseleleri boýunça işjeň pikirleri alyşdylar.

Çykyş eden BSGG-niň bilermenleri häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamyndaky diplomatiýanyň aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolandygyny hem-de bu ulgamyň aglaba ýurtlaryň daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini nygtamak bilen, onuň global we sebit derejesinde saglygy goraýyşy strategiki taýdan dolandyrmagyň merkezi elementine öwrülýändigini beýan etdiler.

Hususan-da, Horwatiýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş meseleleri boýunça Döwlet sekretary Ž.Plazoniç Türkmenistan tarapyndan guralan bu çäräniň öz wagtyndalygyny nygtamak bilen, onuň her bir ýurt tarapyndan toplanylan tejribäniň paýlaşylmagyna hem-de pandemiýa garşy göreşde ýüze çykýan köptaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döredýändigini belläp geçdi.

Özüniň wideoýüzlenmesinde Türkiýe Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri F.Koja ýüze çykýan adatdan daşary ählumumy meseleleriň täzeçil häsiýete eýe bolan diplomatik çözgütleri talap edýändigini we gaýragoýulmasyz meseleleriň derwaýys çözülmegi babatynda lukmançylyk diplomatiýasynyň bizde bar bolan gymmatly gurallaryň biri bolup durýandygyny nygtady.

Rumyniýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Döwlet sekretary, Lukman A.Baçiu häzirki wagtda lukmançylyk ulgamynyň halkara bileleşigi tarapyndan durnukly ösüşe, garyplygyň azaldylmagyna, durmuş adalatlylygynyň hem-de adam hukuklarynyň üpjün edilmegine gymmatly goşant hökmünde ykrar edilýändigini beläp geçdi.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow hem-de BSGG-niň Türkmenistandaky wekili E.Zaýsew işjeň hem-de bilermenlik forumynyň jemini jemlediler.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, şeýle-de dünýä ýurtlarynyň ählisi bilen täze görnüşli ýokanjyň garşysyna göreşmäge we onuň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan durmuş-ykdysady görkezijileriniň azaldylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge we has-da pugtalandyrmaga bolan ygrarlygyny ýene-de bir gezek tassyklady.