8-NJI TÜRKMEN-RUS YKDYSADY FORUMY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edaralarynyň guramagynda 8-nji Türkmen-rus ykdysady forumy göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Nobatdaky işewürlik duşuşygynyň gün tertibine senagat hyzmatdaşlygynyň, iki ýurduň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň eksport hem-de maýa goýum mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň, gurluşyk önümçiligi we agrosenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklary, sanly tehnologiýalar we logistika ýaly ulgamlardaky özara hereketleriň anyk meseleleri girizildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Wladimir Putiniň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklar hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň netijeli hereket etmegi, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, Söwda-senagat edaralarynyň, işewürler toparlarynyň derejesindäki işjeň gatnaşyklar nobatdaky ykdysady forumyň geçirilmegine itergi berdi.

Duşuşyga Russiýa tarapyndan birnäçe ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, maliýe-bank düzümleriniň, sebitleriň söwda-senagat edaralarynyň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, degişli kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleri özleriniň senagat we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, dokma senagaty, oba hojalygy, şeýle-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ýaly ileri tutulýan ulgamlardaky eksport kuwwatlaryny we import mümkinçiliklerini beýan edýän tanyşdyrylyş çärelerini geçirdiler.  

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri we iri senagat merkezleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigi nygtaldy.

Hazar sebitinde logistik merkez hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we gämigurluşyk pudagyna maýa goýum mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen baglanyşykly teklipler ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.

VIII Türkmen-rus ykdysady forumynyň jemleri boýunça özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi babatynda ikitaraplaýyn özarahereketleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi.